Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslar Putiniň görnetin ýeňiş gazanjak prezident saýlawlarynda ses bermegi dowam etdirýärler

Ruslar iş başyndaky Wladimir Putiniň dolandyryş möhletini ýene alty ýyl uzatjak saýlawlarda ses berýär.
Ruslar iş başyndaky Wladimir Putiniň dolandyryş möhletini ýene alty ýyl uzatjak saýlawlarda ses berýär.

Ruslar wagtal-wagtal ýüze çykýan protestleriň arasynda, käbir adamlaryň, häkimiýetleriň türme haýbatlaryna garamazdan, iş başyndaky Wladimir Putiniň dolandyryşyny alty ýyl möhlet bilen uzatmagy göz öňünde tutýan proses boýunça gahar-gazap bildirmegi bilen, prezident saýlawlarynyň ikinji gününde ses bermegi dowam etdirdiler.

Russiýada ses bermäge hukugy bolan 110 million saýlawçynyň üçden bir bölegi üç gün dowam etjek saýlawlaryň ilkinji gününde şahsy we onlaýn ses berdiler diýip, Merkezi Saýlaw komissiýasy (MSK) 15-nji martda ýurduň günbatar Kaliningrad sebitinde saýlaw uçastoklary ýapylandan soň aýtdy.

Saýlawlar 16-njy martda Russiýanyň uzak gündogar sebitinde gaýtadan başlandy we ýurduň 11 wagt zolagynda, şol sanda basylyp alnan Krym ýarymadasynda we Moskwanyň bölekleýin gözegçilik edýän hem-de esassyz öňe sürmeler bilen Russiýanyň territoriýasy hasaplaýan dört ukrain sebitinde hem dowam etdi.

XS
SM
MD
LG