Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag edilen rus derňewçi žurnalisti suda getirildi


Tussag edilen rus derňewçi žurnalisti suda getirildi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:42 0:00

Tanymal rus derňewçi žurnalisti resmi taýdan neşe aýyplamasynda aýyplandy, rus we halkara žurnalistler hem-de hukuk guramalary bu aýyplamanyň ony ýazýan makalalary üçin jezalandyrmak maksady bilen toslanandygyny aýdýarlar. Žurnalisti goraýan “Agora” kanun kömegi toparynyň aklawçysy Pawel Çikowyň sözlerine görä, Iwan Golunow “uly möçberde” neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplandy. Golunow 8-nji iýunda Moskwa suduna getirildi, bu ýerde sudýanyň onuň tussagda saklanmak möhletini uzaltmagyna garaşylýardy. Düýbi Latwiýada ýerleýän garaşsyz "Meduza" habar saýtynyň žurnalisti Iwan Golunow Moskwanyň merkezinde bikanun neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplanyp, 6-njy iýunda tussag edildi. Häkimiýetler onuň ýantorbasyndan neşe maddalarynyň tapylandygyny aýdýarlar, žurnalist bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG