Russiýanyň Siriýadaky bazalarynyň Damaska “tabşyryljakdygy” yglan edilenden bir aý soň, Russiýanyň harby gämileri Tartus portuna gaýdyp geldi. Muny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň elde eden aýratyn fotosuratlary tassyklaýar.
Russiýanyň üç logistika gämisinden ybarat, bir harby deňiz esminesi tarapyndan ugradylýan flotiliýasy awgust aýynyň ahyrynda ilkinji gezek Ispaniýanyň kenaryndan günorta tarap ýüzüp barýarka görlüpdi. Kerweniň resmi taýdan görkezilen barjak ýeri Müsürdi. Emma Gibraltar bogazyndan geçenden gysga wagt soň, gämiler yzarlanmazlyk üçin transponderlerini öçürdiler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan elde edilen we sentýabryň başynda düşürilen suratlar flotiliýanyň näbelli ýüki düşürmek üçin ýakynda Siriýanyň Tartus portunda durandygyny tassyklaýar. Öň çap edilmedik bu suratlar Tartus portunyň ozal Russiýanyň gözegçiliginde bolan böleginiň raýat maksatlary üçin Siriýa tabşyrylandygy baradaky resmi beýanatlara ters gelýän ýaly görünýär.
Tartusda düşürilen suratlarda Admiral Lewçenko harby deňiz esminesi, Sparta harby-logistika gämisi we deňizde beýleki gämileri üpjün etmek üçin niýetlenen Akademik Paşin üpjünçilik gämisi görünýär. Flotiliýanyň dördünji gämisi bolan General Skobelew nebit tankeri bolsa suratda görünmeýär.
Russiýanyň gämileriniň Tartus portuna gaýdyp gelmegi, geosyýasy ylalaşyklaryň Kremle Siriýadaky bazalaryny saklap galmaga mümkinçilik berendigi baradaky analitikleriň pikirlerini güýçlendirýär. Şol bir wagtyň özünde resmi beýanatlar başgaça täsir döretmek üçin seresaplylyk bilen düzülýän ýaly görünýär.
“Siriýanyň täze ýolbaşçylaryna diňe Russiýanyň hödürläp biljek zatlary gerekdi” diýip, Siriýa boýunça analitik Ruslan Trad Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, beýleki faktorlar bilen birlikde Siriýanyň ýarag ätiýaçlyklarynyň uly bölegi Russiýada öndürilen ýaraglardan ybarat we Damaska “ammarlary täzeden doldurmak gerek”.
Siriýanyň häzirki prezidenti Ahmed al-Şaraa ýurduň raýat urşy döwründe gozgalaňçy topara ýolbaşçylyk edipdi. Kreml Siriýanyň öňki lideri Başar al-Assady häkimiýetde saklamaga synanyşan döwründe bu topar Russiýanyň bombardymançylarynyň yzygiderli nyşanasyna öwrülipdi. 2017-nji ýylda Moskwa howa hüjümleriniň birinde al-Şaraany ýaralandyrandygyny öňe sürüpdi.
Assad 2024-nji ýylyň dekabrynda häkimiýetden agdaryldy. Şol döwürde Siriýadan çykyp barýan Russiýanyň güýçlerine ýurduň dürli ýerlerindäki daýanç nokatlaryny terk edenlerinde daş zyňyldy.
2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Siriýanyň täze häkimiýetleri portuň Russiýanyň gämileri üçin bölünip berlen demirgazyk bölegini Moskwa 49 ýyllyk kärendesine bermek baradaky şertnamany ýatyrdy.
“Umuman alanyňda, ruslar Assad babatda şowsuz saýlaw etdiler, ýöne soňra öz ellerindäki mümkinçiliklerden diýseň oňat peýdalandylar. Siriýadaky öňki garşydaşlary hem örän pragmatik bolup çykdy” diýip, Şwesiýanyň Goranmak boýunça ylmy-barlag agentliginiň Ýakyn Gündogar boýunça analitigi Aron Lund aýtdy.
“Russiýanyň nebiti we bugdaýy ykdysady kynçylyklar döwründe Siriýanyň aýakda galmagyna kömek etdi” diýip, Lund aýdýar. Onuň sözlerine görä, “Russiýanyň BMG-däki sesleri Siriýanyň häzirki ýolbaşçylarynyň BMG-niň terrorçylar sanawyndan çykarylmagyna mümkinçilik berdi. Elbetde, Siriýanyň hyzmatdaşlygy hem Russiýa öz bazalaryny saklap galmaga ýol açdy”. Lund bu desgalaryň häzirki wagtda “öňküsinden has çäkli görnüşde işleýän bolmagy mümkin” diýip hem sözüniň üstüni ýetirdi.
Tartus öňki Sowet Soýuzynyň çäginden daşarda ýerleşýän Russiýanyň ýeke-täk harby deňiz bazasydyr. Ol şeýle hem Kremliň Afrikadaky harby gatnaşygyny üpjün etmekde möhüm logistika merkezidir. Liwiýada we Alžirde mümkin bolan alternatiw desgalaryň infrastrukturasy has pes derejede ösen. Olary ulanmak üçin (şol sanda Türkiýe bilen hem) çylşyrymly diplomatik ylalaşyklar zerur bolardy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyyň Rus gullugynyň iýun aýynda çap eden maglumatlary Russiýanyň Siriýadaky ikinji möhüm daýanç nokady bolan Hmeýmim howa bazasynyň Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Mali we beýleki Afrika ýurtlaryna uçýan uçarlary tarapyndan henizem ulanylýandygyny görkezdi. Russiýanyň Afrika korpusy Maliniň goşunyna ýurduň demirgazygyndaky tuareg gozgalaňçylarynyň we jihadçy toparlaryň gözegçiligindäki ýerleri gaýtadan ele geçirmäge kömek etmäge synanyşýar.
Howa bazasynyň ýakynda düşürilen hemra suratlarynda bu ýerde giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygy görünýär. Siriýa bilen Russiýa Hmeýmim bazasynda “bilelikdäki okuw we dikeldiş merkeziniň” ýerleşdiriljekdigini aýdypdy.