Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus polisiýasy oppozisiýa aktiwisti Soboly protestden öň tussag etdi


Rus polisiýasy oppozisiýa aktiwisti Soboly protestden öň tussag etdi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Tanymal oppozisiýa aktiwisti, rus paýtagtynda geçiriljek saýlawlaryň azat bolmagyny talap etmek üçin 3-nji awgustda guralan protestiň öň ýanynda Moskwada, polisiýa tarapyndan tussag edildi. Açlyk yglan edenine 21 gün bolan Lýubow Sobol taksi alyp, proteste goşulmaga synanyşanda saklandy. Moskwa soňky wagtlarda, häkimiýetleriň iýulda oppozisiýa kandidatlarynyň birnäçesini ýerli saýlawlarda bäsleşmek üçin hasaba almazlygy sebäpli, ençeme protest aksiýasyna şaýat boldy. Oppozisiýa kandidatlarynyň ençemesi, şol sanda Sobol sentýabrda şäher geňeşine geçiriljek saýlawlarda bäsleşige goýberilmedi.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG