Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa doňdurylan serişdeleri ele geçirilse, Günbatara “agyr” jogabyň beriljekdigi bilen haýbat atýar


Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa

Russiýaly resmiler doňdurylan rus serişdeleri “ele geçirilse”, muňa “agyr” jogabyň beriljekdigini aýdyp, “tükeniksiz” kanuny şikaýatlar we meňzeş çäreler bilen gaýtawul beriljekdigine söz berdiler. Bu barada 28-nji aprelde Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa aýtdy.

Zaharowa Russiýanyň Ukrainadaky eýelän teritoriýalarydan, doňdurylan serişdeleriň yzyna berilmeginiň öwezine, hiç haçan yza çekilmejekdigini belledi.

Russiýanyň Ukraina garşy başladan doly gerimli urşundan soň, ABŞ we onuň ýaranlary Russiýanyň merkezi banky we Maliýe ministrligi bilen tranzaksiýalary gadagan etdi. Şeýle-de Russiýanyň Günbatardaky 300 milliarda golaý serişdesi doňduryldy. Olaryň aglabasy Ýewropanyň maliýe institutlarynda saklanýar.

XS
SM
MD
LG