Russiýanyň parlamentiniň aşaky palatasyna geçirilýän saýlawlaryň ikinji güni 63 ýaşly konditer Aleksandr Glebow ýurduň merkezi bölegindäki Penza şäherinde Sura derýasynyň kenaryna ulagly baryp, gezelenje çykdy.
Onuň ýanyna raýat eşigindäki birnäçe erkek gelip, şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny talap edipdir we yzly-yzyna sorag berip başlapdyr. Bu barada onuň howpsuzlyk sebäpli adynyň üýtgedilmegini soran garyndaşy Oksana gürrüň berdi.
«Näme üçin ýeke özüň? Neşekeşmiň? Neşe gizläp gidýärmiň? Olar özlerini polisiýa ýa-da harby işgär ýaly alyp barýardylar, ýöne eginlerinde forma ýokdy» diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Sibir.Realii gullugyna aýtdy.
Oksananyň sözlerine görä, Glebowy zor bilen ulaga mündürip, ýerli harby gulluga çagyryş edarasyna äkidipdirler. Şol ýerde ony gorkuzyp, Ukrainada söweşmek üçin şertnama gol çekmäge mejbur edipdirler.
Maşgalasy ondan indiki gezek ertesi daňdan habar alypdyr. Şol wagt ol eýýäm 600 kilometr uzaklykda, Rostow-na-Donu barýan ýük ulagynda eken. Russiýanyň günortasyndaky bu şäher Ukrainadaky harby operasiýalara taýýarlyk görülýän we güýçler jemlenýän merkez bolup hyzmat edýär.
Ukraina garşy giň gerimli urşunyň başlananyna bäş ýyla golaý wagt geçse-de, Russiýanyň goşuny şol bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýar: söweş meýdanyna has köp adam gerek.
Iki tarapyň hem adam ýitgileri örän uly. Günbataryň hasaplamalaryna görä, Russiýanyň uruşda ölen harbylarynyň sany eýýäm 500 müňden geçýär. Ýaralananlaryň sanynyň bolsa şondan takmynan iki esse köpdügi çaklanylýar. Ukrainanyň ýitgileri azrak, ýöne ilatynyň sanynyň has azdygy göz öňünde tutulanda, olaryň paýy has ýokary.
Glebowyň Ukrainada söweşmek üçin şertnama gol çekmäge mejbur edilmegi täze ýagdaý däl. Onuň ýaşaýan Penza şäheri şu ýyl erkekleriň köçeden tutulyp, mikroawtobuslara basylyp, harby gulluga çagyryş edaralaryna äkidilmeginiň giň ýaýramagy bilen gysga wagtlyk ýaramaz at gazandy. «Busifikasiýa» diýlip atlandyrylýan bu usul ýerli ýaşaýjylaryň gahar-gazabyny döretdi.
Bu ýagdaý resmileriň has köp esger toplamak üçin dürli usullara ýüz urýandygyny we nähili çärelere çenli baryp ýetýändigini hem görkezýär. Häkimiýetler, ilkinji nobatda, ýene mobilizasiýa yglan edip, ilaty howsala salmakdan gaça durmak isleýärler. Prezident Wladimir Putiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda yglan eden mobilizasiýasy bilen 300 müň töweregi erkek söweşe çekilipdi.
«Meniň pikirimçe, olar adam toplap boljak çeşmeleriň ählisinden peýdalanyp, ätiýaçdaky adamlary hem çekýärler. Bu bolsa häzirlikçe ýeterlik” diýip, Waşingtondaky Karnegi halkara parahatçylyk gaznasynyň Russiýanyň goşuny boýunça bilermeni Dara Massikot aýtdy. “ 2022-nji ýylyň tomsundaky ýaly gyssagly zerurlyk ýa-da esger ýetmezçiligi ýok».
«Häkimiýetler üçin adamlary bölek-bölek toplamak has aňsat: gorkuzmak, aldamak, bergileri, iş ýerini, okuwyny, polisiýany we harby gulluga çagyryş edaralaryny ulanmak arkaly” diýip, hukuk goraýjy “Idite lesom” toparynyň aktiwisti Darýa Berg aýtdy. Toparyň adyny takmynan “Ýok boluň” diýip terjime edip bolar. “Munuň telewideniýede sesi az çykýar, ýöne adamlar üçin howpy azalanok».
«Gizlin mobilizasiýa bes edilmedi. Diňe häzir ol bir uly tolkun däl-de, adamlary dürli ýollar bilen kem-kemden özüne çekýän tora has köp meňzeýär» diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna aýtdy.
Giň tor taşlap, azda-kände adam tutmak
18-20-nji sentýabrda Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlaryň öňüsyrasynda Russiýada Kremliň ýene mobilizasiýa yglan etmäge taýýarlanýandygy baradaky aladalar güýçlendi.
Harby gulluga çagyrylmagy mümkin adamlara hukuk maslahatyny berýän toparlara ýüz tutmalar ýagyp başlady. Bir hasaplama görä, tomsuň başyndan bäri resmiler mobilizasiýanyň golaýlap gelýändigini tas ýigrimi dört gezek inkär etmeli boldular.
Ukrain resmileriniň beýanatlary hem bu gorkulary güýçlendirdi.
Penza ýaly rus şäherlerinde adamlary köçeden tutup äkitmek garşylyk döreden bolsada, gulluga kabul edýän edaralar örän ýokary aýlyk we dürli ýeňillikleri hödürlemek arkaly täze esgerleri çekmekde has köp üstünlik gazandylar. Bu tölegleriň arasynda söweşde ölenleriň yzynda galan maşgala agzalaryna berilýänler hem bar. Şertnama gol çekilende berilýän bir gezeklik tölegleriň bir bölegi federal serişdeleri bolan Goranmak ministrliginden, beýleki bölegi bolsa sebit býujetlerinden maliýeleşdirilýär.
Käbir çet sebitlerde bu pul akymy ýerli ykdysadyýeti janlandyrdy.
Berlindäki Germaniýanyň halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk institutynyň analitigi Ýanis Kluge ýerli býujetlere we täze meýletinçilere berilýän töleglere esaslanyp, goşuna adam toplanyşyny yzarlaýar. Onuň sözlerine görä, oktýabr aýynda bu depgin durnuklylygyna galdy: günde 1000 töweregi adam. Bu 2025-nji ýyldakydan birneme az.
Ol ýakynda çap eden seljermesinde geçen aý 29 900 adamyň gulluga çekilendigini ýazdy. 2025-nji ýylyň sentýabrynda bu görkeziji 31 900 bolupdy. Ýanwardan sentýabryň ahyryna çenli jemi 263 müň täze şertnamaly harby gulluga kabul edildi. Geçen ýylyň degişli döwründe olaryň sany 292 müňdi.
Bu depgin saklansa, şu ýyl üçin kesgitlenen maksat şertnama esasynda 409 müň esger toplamak meýilnamasy ýerine ýetirilmez. Emma bilermenleriň aýtmagyna görä, bu san, iň bolmanda, gysga möhletde söweşi dowam etdirmek üçin ýeterlik.
Kluge munuň bilen baglanyşykly başga bir ýagdaýy hem belleýär: käbir şäher häkimlikleri harby gulluga çagyryş edaralaryna zor bilen ýa-da başga ýol arkaly belli bir sanda adam getiren şahslara ýa-da toparlara höweslendiriji töleg berýärler.
«Mejbury mobilizasiýa eýýäm dowam edýär. Bu Kremliň merkezleşdirilen syýasaty däl. Has dogrusy, adam toplamak wezipesiniň aşaky dolandyryş edaralaryna geçirilmeginiň we şol bir wagtyň özünde gubernatorlara hem-de şäher häkimlerine bellenen sany doldurmak üçin aňrybaş basyş edilmeginiň göz öňünde tutulmadyk netijesidir” diýip, ol aýtdy. “Şäherler we sebitler öz öňlerinde goýlan maksada ýetseler, adamlaryň nähili usul bilen toplanýandygyna ähmiýet bermeýärler».
Soňky ýyllarda resmiler ähli erkekleriň şahsy maglumatlaryny tabşyrmagyny talap edýän umumy döwlet hasaba alyş ulgamyny hem ýönekeýleşdirip, döwrebaplaşdyrdylar. Şeýle hem olar döwlet tarapyndan goldanylýan Max habarlaşma programmasy we «Gosuslugi» döwlet hyzmatlary portaly ýaly özara baglanyşykly elektron ulgamlardan peýdalanýarlar.
Bu ulgam möhletleýin harby gulluga çagyrylýanlaryň yzygiderli gelip durmagyny üpjün etmegi aňsatlaşdyrýar. 18-30 ýaş aralygyndaky ähli erkekler bir ýyl harby gulluk geçmäge borçly. Russiýanyň kanuny möhletleýin gullukçylaryň daşary ýurda ýa-da söweşe, şol sanda Ukraina iberilmegini gadagan edýän hem bolsa, olary söweşe gatnaşmak üçin şertnama gol çekmäge mejbur edýän usullar ýygy-ýygydan ulanylýar. Käte bu olaryň bir ýyllyk gullugy tamamlanmanka hem edilýär.
Aktiwistleriň aýtmagyna görä, Duma saýlawlaryndan soň harby gulluga çagyryş edaralary erkeklerden şahsy maglumatlaryny täzelemegi talap edýän köp sanly elektron çagyryş iberipdirler.
«Aslynda bu, iň bolmanda, birnäçe balyk tutarys diýen umyt bilen suwa äpet tor taşlamak ýaly bir zat» diýip, «Idite lesom» toparynyň başga bir aktiwisti Iwan Çuwilýaýew aýtdy.
«Olaryň maksady maglumatlaryny täzelemek barada çagyryş alanlaryň iň bolmanda bir böleginiň: “Bolýar, munuň çynlakaý zady ýokdur. Harby gulluga çagyryş edarasyna baryp, nämäniň nämedigini bilip gaýdaýyn” diýip pikir etmegidir” diýip, ol aýtdy. “Haýyş edýärin, beýle etmäň».
Forum