Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kiýewe dronlar bilen hüjüm etdi


Russiýanyň 22-nji dekabrda Kiýewe dronalar bilen eden hüjüminiň netijeleri
Russiýanyň 22-nji dekabrda Kiýewe dronalar bilen eden hüjüminiň netijeleri

22-nji dekabrda irden Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýewe dronlar bilen hüjüm etdi.

Paýtagtyň häkimi Witaliý Kliçko we beýleki resmiler şäheriň ilatly sebitlerinde partlamalaryň bolandygyny aýtdylar. Hüjümde iki adam ýaralandy.

Bu bir aýyň dowamynda Kiýewe edilen altynjy dronly hüjüm boldy.

Kliçko Telegram kanalynda dronlaryň biriniň köpgatly ýaşaýyş jaýyna düşmegi netijesinde, ýokarky gatlarda ýangynyň dörändigini, onuň hem gysga wagtda söndürilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG