Russiýa Kiýewe garşy ballistik we kruiz raketalarynyň hem-de dronlaryň giň gerimli hüjümini amala aşyryp, azyndan 12 adamyň ölümine we başga-da 30-dan gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Ukrainanyň häkimiýetleri aýtdylar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marýan Kuşnir 20-nji awgustda irden paýtagtda ýangynlaryň döräp başlandygyny we halas edijileriň rus hüjümleriniň dowam edýändigine garamazdan, olary öçürmek üçin iş alyp barýandygyny habar berdi.
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko hüjümleriň birinde Solomýansk etrabyndaky dokuz gatly ýaşaýyş jaýynyň ýokarky gatlaryna zeper ýetendigini we ot alandygyny, ýene bir ýaşaýyş jaýynda bolsa adamlaryň gabalyp galandygyny aýtdy. Ukrain paýtagtynyň käbir ýerlerinde elektrik togy hem kesildi.
Kliçko ýaralanan adamlaryň ýene biriniň hassahanada aradan çykmagyndan soň ölenleriň sanynyň 12-ä ýetendigini aýtdy.
Kiýewe we onuň töweregindäki sebitlere amala aşyrylan giň gerimli hüjümler tutuş gije dowam etdi. Rus güýçleri Kiýew sebitindäki ýaşaýyş jaýlaryna hem hüjümçi dronlar, ballistik we kruiz raketalary bilen hüjüm etdiler, netijede ýedi adam ýaralandy we bir adam öldi diýip, regional häkimiýetler 20-nji awgustda habar berdiler.
“Ruslar raýat infrastrukturasyna mümkin boldugyça köp zyýan ýetirmek maksady bilen, dürli görnüşli ballistik raketalary, kruiz raketalaryny we dronlary birleşdirip, [hüjümlere] köp wagt taýýarlyk görüpdirler” diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý X sosial ulgamynda ýazan maglumatynda aýtdy.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň 20-nji awgustda beren maglumatyna görä, rus güýçleri gijäniň dowamynda Ukraina onlarça ballistik, kruiz we gipersonik raketalaryny, şeýle-de 168 dron uçurdy we Kiýew sebiti esasy nyşana boldy.
"Halas edijiler harabalyklaryň aşagynda galan iki adamy halas etdiler" diýip, Döwlet Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy paýtagta amala aşyrylan gijeki hüjümleriň netijeleri bilen göreşmek işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.
"Howa hüjüminden goranyş güýçleri paýtagtda iş alyp barmagy dowam etdirýär. Howp dowam edýär, şonuň üçin ýaşaýjylara howpuň aradan aýrylandygy barada resmi bildiriş yglan edilýänçä gaçybatalgalarda galmak barada çagyryş edilýär" diýip, Kiýew häkimiýetleri 20-nji awgustda irden ýaýradan beýanatynda aýtdylar.
Ukraina ýokary tizlikli ballistik raketalary tutup biljek howa goranyş ulgamlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, Russiýa bu ýurda amala aşyrýan raketa hüjümlerini güýçlendirdi.
Soňky hepdelerde Zelenskiý Günbatar ýaranlaryny goşmaça harby kömek bermäge ençeme gezek çagyrdy. Şeýle-de, ol Waşingtony Ukraina “Patriot” howa goranyş ulgamlaryny öndürmek üçin ygtyýarnamalary bermek baradaky wadasyny ýerine ýetirmäge çagyrdy.
“Gynansak-da, Moskwa ballistik raketalara we dartgynlygyň güýçlenmegine maýa goýýarka, şeýle hüjümler dünýäden hemişe mynasyp jogaby almaýar” diýip, Zelenskiý 20-nji awgustdaky hüjümden soň ýaýradan maglumatynda aýtdy.
Şeýle-de, “Ukraina ýeterlik ballistik raketa goragyna eýe bolýança, Russiýa parahatçylyk barada çynlakaý pikir etmez” diýip, ol sözüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum