Orsýetiň Kiýewe uran gijeki zarbasy netijesinde dört adam öldi, 19 adam ýaralandy, olaryň 14-si hassahana ýerleşdirildi. Şäher häkimi Witaliý Kliçko ýaşaýyş jaýlaryna we möhüm infrastruktura hem zyýan ýetendigini sözüne goşdy.
"Ölenleriň arasynda bir lukman hem bar. Dört saglyk işgäri ýaralandy. Möhüm infrastruktura zyýan ýetdi. Şäheriň käbir ýerlerinde elektrik we suw kesildi" diýip, Kliçko 9-njy ýanwarda, irden telegramda ýazdy.
Onuň sözlerine görä, paýtagtyň Darnitskiý, Desnýanskiý, Dneprowskiý, Peçerskiý we Şewçenkiwskiý etraplarynda dronlaryň ýa-da olaryň galyndylarynyň gaçmagy, şeýle-de ýangynlar hasaba alyndy.
Ukrainanyň Howa güýçleri rus goşunynyň Kiýewe hüjümçi dronlar, ganatly raketalar we ballistik raketalar bilen hüjüm edendigini habar berdi. Şäherde köp sanly partlama sesleri eşidildi.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski we ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçihanasy bir gün öň giň gerimli howa hüjüminiň ýokary howpy barada duýduryş berdi.