Ukraina Russiýanyň Kursk sebitindäki Seým derýasynyň üstündäki üçünji köprä hem zyýan ýetirdi. Moskwa bu habary 19-njy awgustda tassyklady.
Russiýanyň Derňew komitetiniň wekiliniň eden wideo beýanaty Russiýanyň döwlet teleýaýlymynyň alyp baryjysy Wladimir Solowýowyň Telegram kanalynda ýerleşdirildi. Sülçi wideoda ukrain güýçleriniň bu köprini bir gün öň urandygyny aýtdy.
Russiýanyň harby blogçylary mundan öň Kurskyň Zwannoýe obasynyň golaýynda urlan ilkinji köpriniň suratyny çap edipdiler.
Russiýanyň howpsuzlyk resmileriniň pikiriçe, bu köpriniň weýran bolmagy Gluşkow etrabynyň bir bölegini kesip aýyrýar.
Ukrain goşunlary Kurskdaky Seým derýasynyň üstünden geçilýän iki sany esasy köprä zarba urdy. Analitikleriň pikiriçe, bu Ukrainanyň Kurskdaky hüjümini howpsuz bir flanga bilen üpjün etjek wajyp taktika bolup, Moskwanyň derýanyň günortasyndaky goşunlarynyň üpjünçiligini kynlaşdyrýar.
Ukraina iki ýarym ýyllyk urşuň dinamikasyny üýtgedip, 6-njy awgustda Russiýanyň Kursk sebitine çozup, garaşylmadyk garşylyk görkezdi we bu sebitden 120,000 çemesi adamyň gaçmagyna sebäp boldy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň Kurskdaky operasiýasynyň "Russiýanyň goşunyna we Russiýa döwletine, olaryň goranyş senagatyna we ykdysadyýetine şindem zyýan ýetirýändigini" aýtdy.
Ol 18-nji awgust agşamy eden çykyşynda öz ýokary derejeli harby serkerdesi, general polkownik Oleksandr Syrskiýiň sözlerine salgylanyp, frontdaky ýagdaýyň ähli ugur boýunça "gowy netijeleri" görkezýändigini aýtdy.
Mundan başga, ol sebit paýtagtynyň demirgazygynda, Donetsk sebitinde ýerleşýän Toretsk şäheriniň golaýynda hem “rus enjamlaryny ýok etmekde gowy we zerur netijeleriň” bolandygyny aýtdy.
Basylyp alnan Donetsk şäheriniň Moskwa tarapyndan bellenen häkimi Alekseý Kulemzin 18-nji awgustda Ukrainanyň atan toplarynyň bir erkegi we bir aýaly öldürendigini aýtdy diýip, “Roýters” habar berdi. Bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi we Ukraina olar barada bada-bat düşündiriş bermedi.
Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde atan top oklary üç adamy öldürip, dokuz adamy ýaralady diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Wadym Filaşkin 19-njy awgustda aýtdy.
Ol pida habarlarynyň Myrnograddan, Toretskden we Rozliwadan gelendigini aýtdy.
Russiýa Donetskä we beýleki birnäçe sebite, şol sanda Kiýew sebitine “Şahed” görnüşli dronlaryň 11 sanyny uçurdy. Emma Ukrainanyň Howa güýçleri olaryň hemmesiniň saklanandygyny aýtdy.
Bir gün öň Russiýa Ukrainadaky nyşanalara jemi 16 raketa we pilotsyz uçar ugratdy. Kiýew ruslaryň Demirgazyk Koreýanyň KN-23 görnüşli ballistik raketalarynyň iki sanysyny we üç sany ganatly raketa ulanandygyny aýtdy. 13 sany pilotsyz uçar we raketalar urlup gaçyryldy, üç sany raketa bolsa öz nyşanasyna ýetip bilmedi diýip, harbylar aýtdy.
Bu hüjümler Ukrainanyň iki hepde töweregi öň Russiýanyň içine duýdansyz, garşylykly hüjüm edip, Kursk sebitinde eýelän pozisiýalaryny berkitmäge synanyşýan mahalynda edildi.
Şu aralykda, Moskwadaky rus häkimiýetleri Russiýanyň raýatlygyny alan migrantlaryň arasynda geçirýän barlaglaryny güýçlendirdi.
Russiýanyň gündelik çykýan “Kommersant” gazetiniň 18-nji awgustda ýazmagyna görä, harby derňewçiler we polisiýa işgärleri paýtagtdaky awtobus duralgalarynda, ammarlarda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda bikanun ýaşaýan migrantlary ýüze çykarmak we olaryň täze kanuny talaplary berjaý edip-etmeýändigini anyklamak üçin reýd geçirdi.
Bu çäreler Döwlet dumasynyň 31-nji iýulda rus raýatlygyny alanlary harby gulluga borçly edýän kanuny kabul etmeginiň yz ýanyndan geçirilýär. Bu talaplary berjaý etmedikleriň raýatlygy ýatyrylyp bilner.
Diplomatik frontda bolsa, Nýu-Deliniň 19-njy awgustda takyk senesini görkezmän yglan etmegi bilen, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Ukraina sapar eder.
Hindistan däp boýunça Russiýanyň ýarany bolup, geçen aý, Moskwa sapary wagtynda rus prezidenti Wladimir Putini gujaklandygy üçin, Modi Ukraina tarapyndan tankyt edildi.
Modi 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlamagy buýran Putini açyk günäkärlemedi we Moskwa bilen Kiýewi iki ýurduň arasyndaky gapma-garşylygy gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy.
Birleşen Ştatlar Hindistanyň Russiýa bilen edýän gatnaşygyndan, hususan-da Waşington güýçlenýän Hytaýa garşy mümkin bolan deňagramlylyk hökmünde Nýu-Deli bilen aradaky gatnaşyklaryny has berkitmäge çalyşýan döwründe ýygjamladan hyzmatdaşlygyndan alada bildirdi.
Şu aralykda, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň 19-njy awgustda beren habaryna görä, premýer-ministr Li Çiaňyň, rus we belarus kärdeşleriniň çakylygy boýunça, 20-23-nji awgustda Russiýa we Belarusa sapar etjekdigi mälim boldy.
Forum