Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Täjigistanyň durnuksyz sebitiniň bäş ýaşaýjysyny ekstradisiýa etdi


Onlarça adamyň öldürilen ýeri. Dagly-Badahşanyň Ruşanski etraby, 2022-nji ýylyň 18-nji maýy.
Onlarça adamyň öldürilen ýeri. Dagly-Badahşanyň Ruşanski etraby, 2022-nji ýylyň 18-nji maýy.

Rus resmileri durnuksyz Dagly-Badahşan awtonom sebitindäki Ýazgulom obasynyň bäş ýaşaýjysyny tutup, geçen hepde Täjigistana ekstradisiýa etdi. Olar öz ýurtlarynda "ekstremist guramanyň agzasy" bolmakda aýyplanýar diýip, täjik hukuk goraýjylaryna ýakyn çeşme 17-nji iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy Russiýada maý aýynyň aýagynda tussag edilen bäş adamyň atlaryny aýtmakdan saklanýar. Çeşme adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürledi. Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri 16-njy maýda Ýazgulomyň 30-dan gowrak ýaşaýjysyny tussag etdi, olar anyklaşdyrylmadyk zyýankeşlik barada dil düwüşmekde aýyplanýar.

Çeşmeleriň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, tussag edilen adamlar goňşy Owganystandaky "ekstremist toparlar" bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilýär.

Ýazgulomda tussag edilen we Russiýadan deportasiýa edilen bäş täjik barada hiç bir jikme-jiklik ýok, sebäbi ne resmiler, ne-de tussag edilenleriň garyndaşlary Azatlyk Radiosy bilen gürleşmäge razy boldy.

XS
SM
MD
LG