Russiýa 25-nji iýunda, Birleşen Arap Emirlikleriniň araçylygynda gelnen ylalaşyk esasynda, Ukriana bilen 90 sany uruş ýesirini çalyşandygyny aýtdy.
"Gepleşik prosesi netijesinde, ýesirlikde ölüm howpy abanýan 90 rus harby gullukçysy Kiýew režiminiň gözegçiliginde dolandyrylýan territoriýadan yzyna gaýtaryldy. Munuň deregine olara ukrain ýaragly güýçleriniň 90 uruş ýesiri berildi" diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi telegramda aýtdy.
Ministrlik ýesirlikden boşadylan rus tussaglarynyň lukmançylyk barlaglary üçin Moskwa getirilendigini belledi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hem telegramda ýesirleriň çalşylýandygyny aýtdy.
"Öý diňe bir söz däl” diýip, Zelenski aýtdy. “Öý - Ukraina. Biz rus ýesirligindäki adamlarymyzyň ählisini ýatda saklaýarys. Biz olaryň her biriniň azat edilmegi ugrunda işleýäris" diýip, prezident aýtdy.
Zelenski alyş-çalyş edilenleriň esasan Donetskde, Harkowda, Hersonda, Luhanskda we Zaporižýada gulluk edendigini aýtdy.