Russiýanyň Günorta etrap harby kazyýeti 14-nji iýunda Ukraina üçin söweşýän Gürji legiony toparyny “terrorçy” gurama hökmünde kesgitledi.
Russiýanyň aňtaw gullugynyň hasabatynda toparyň agzalarynyň rus harby işgärlerini gynandygy we parahat ilaty öldürendigi öňe sürülýär.
2014-nji ýylda döredilen Gürji legiony, Gürjüstanyň öňki harby we polisiýa işgärlerinden, şeýle hem daşary ýurtly söweşijilerden düzülendir.
Gürji legionynyň agzalary Russiýada bikanun hakyna tutmak we Russiýanyň çozuşyna garşy Ukrainadaky söweşe gatnaşmak aýyplamalary bilen gözlenýär.