Russiýanyň goşuny 12-nji fewrala geçilýän gije Ukraina garşy giň gerimli hüjümi amala aşyrdy. Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, rus harbylary “Iskander” kysymly 24 ballistik raketany we 200-den gowrak dronty atdy. Harbylar 15 raketanyň we 200-e golaý dronuň zyýansyzlandyrylandygyny aýtdy.
Habarda “Hüjümiň esasy ugurlary – Kiýew, Harkiw, Dnipro, Odessa” diýilýär.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko öten agşam Russiýanyň harbylarynyň paýtagtyň infrastrukturasyna ballistik raketalar bilen zarba urýandygyny ýazdy. Onuň sözlerine görä, iki adam şikes aldy, olaryň biri agyr ýagdaýda.
Dnipropetrowsk oblastynyň harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Ganža Russiýanyň Dnipro şäherine we Dnipropetrowsk etrabyna raketalar hem-de dronlar bilen köpçülikleýin zarba urandygyny aýtdy. Dniproda dört adam ýaralandy, olaryň arasynda ýaşy bir aýa-da ýetmedik täze doglan bäbek hem bar.
Odessa oblastynyň harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper Odessa etrabynda raýat we energetika infrastrukturasyna zeper ýetendigini aýtdy.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sybiha zarbalaryň energiýa desgalaryna gönükdirilendigini belläp, Russiýany Gyşky Olimpiýa oýunlary döwründe “terrory” amala aşyrmakda aýyplady.