Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainany ýene oka tutdy, NATO ministrleri Kiýewe berilmeli goşmaça kömegi maslahatlaşýar


Ukrain esgeri günorta-gündogar Zaporižýa sebitinde ABŞ-da öndürilen “Stinger” raketa atyjysyny ulanmaga taýýarlaýar.
Ukrain esgeri günorta-gündogar Zaporižýa sebitinde ABŞ-da öndürilen “Stinger” raketa atyjysyny ulanmaga taýýarlaýar.

Uruş sebäpli weýran bolan ýurduň Russiýanyň raýat nyşanalaryna garşy urýan yzygiderli zarbalaryna we Moskwa güýçleriniň demirgazyk-gündogar Harkow sebitinde ilerlemegine garşy alyp barýan aldym-berdimli göreşini dowam etdirmegi bilen, NATO-nyň 32 agza döwletiniň daşary işler ministrleri 30-njy maýda Ukraina üçin täze harby kömek çarçuwasyny ara alyp maslahatlaşmaga ýygnandy.

Ýaranlygyň Pragada başlanmaly iki günlük resmi däl ýygnagyna gabat, Russiýa 30-njy maý güni irden Ukrainanyň dokuz sebitindäki harby we raýat infrastrukturasyny nyşana alyp, giň gerimli hüjüm gurnamak bilen uly zaýaçylyga we pidalara sebp boldy.

Demirgazyk-gündogar Harkow şäherine gelip uran rus raketalary iki ýerde ýedi adamyň ýaralanmsagyna sebäp boldy, olaryň altysy aýal maşgala diýip, sebit gubernatory Oleh Synyehubow habar berdi.

"Iki gatly administratiw bina uruldy, netijede ol bölekleýin weýran boldy, soňra ýangyn turdy. Alty aýal we bir erkek adam ýaralandy" diýip, Synyehubow aýtdy.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkow Russiýa serhedinden bary-ýogy 35 km uzaklykda ýerleşýär we soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Moskwanyň gaýta-gaýta eden artilleriýa, howa hüjümlerine döz gelmeli boldy. Ok-därileriniň azalmagy we argynlyk sebäpli, Ukrainanyň howa goraglary bu hüjümleriň öňüni almakda barha kän kynçylyk çekýär.

Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow biraz öň bu zarbalaryň möhüm infrastruktura, şol sanda gaz turbasyna zyýan ýetirendigini, şeýle-de ýangyn turmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň harby-howa güýçleri Russiýanyň uçuran 19 sany ganatly raketasynyň ählisini, 32 sany pilotsyz uçarynyň bolsa ýedisini urandygyny aýtdy.

Raketalar we pilotsyz uçarlar Hmelnytskiý, Dnipropetrowsk, Çerkasy, Kirowohrad, Zaporižýa, Odesa, Herson, Kiýew we Winnytsiýa sebitlerine gönükdirildi diýip, harby-howa güýçleri aýtdy.

Çehiýanyň paýtagtynda geçirilýän NATO ýygnagy, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň hem gatnaşmagynda, iýul aýynda Waşingtonda geçiriljek sammitde Ukraina berilmeli kömek bukjasyny ara alyp maslahatlaşar.

Şeýle-de, ministrler Kiýewiň günbatar ýurtlarynyň beren ýaraglaryny Russiýanyň içindäki nyşanalara hüjüm etmek üçin ulanmagyna rugsat bermelimi ýa-da däl diýen meseläniň üstünde hem çekişjege meňzeýär. Birleşen Ştatlar we Germaniýa bu hili göçümiň edilmegine garşy dursa, Angliýa we Fransiýa oňa goldaw berýär.

Stoltenberg we ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell hem, belli bir şertlerde, Ukrainanyň Russiýanyň territoriýasyndaky harby nyşanalary urmak üçin günbatar ýaraglaryny ulanmagyna rugsat bermeli pikire goldaw bildirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG