Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň 30 sany pilotsyz uçaryny ýok edendigini öňe sürdi


Russiýanyň Belgorod sebitiniň Stroitel şäherinde zeper ýeten ýaşaýyş jaýy. 25-nji iýun, 2024 ý.
Russiýanyň Belgorod sebitiniň Stroitel şäherinde zeper ýeten ýaşaýyş jaýy. 25-nji iýun, 2024 ý.

Russiýanyň Goranmak ministrligi özüniň howa goranyş ulgamlarynyň 25-nji iýunda irden Belgorod sebitiniň howa giňişliginde 29 sany we Woronež sebitiniň howa giňişliginde bir sany ukrain pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.

Aýrybaşga beýanatda, Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow pilotsyz uçarlaryň Belowskoýe obasyna we Stroitel, Ýakowlewskiý şäherlerine amala aşyran hüjümlerinde bir aýalyň ölendigini, başga-da dört adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýerli metbugat hüjüm wagtynda hususy jaýlara we ulaglara zeper ýetendigini aýtdy.

Russiýanyň öňe sürmelerini garaşsyz tassykladyp bolmady.

Ukraina rus öňe sürmeleri barada teswir bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG