Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny nyşana alýar

Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewe uran zarbasynyň netijeleri (arhiw suraty)
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewe uran zarbasynyň netijeleri (arhiw suraty)

Russiýanyň güýçleri 24-nji martdan 25-ne geçilýän gije Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna dronlar bilen hüjüm etdi.

Günortadaky Mykolaýiw şäherine edilen hüjümde asuda ilatyň arasyndan 11 adam ýaralandy, şeýle-de birnäçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi. Bu barada ýerli resmiler mälim etdi.

Russiýanyň atan dronlarynyň netijesinde port şäheri Odessada elektrik üpjünçiligi kesildi. Ýerli häkim Oleh Kiper hüjümde “energiýa infrastrukturasyna zeper ýetendigini” aýtdy.

Soňky günleriň dowamynda Russiýa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna edýän hüjümlerini ýaýbaňlatdy.

XS
SM
MD
LG