17-nji ýanwarda irden Russiýanyň dronlar bilen Ukrainanyň günortasyndaky port şäheri Odessa uran zarbalary netijesinde, üç adam ýaralandy, şeýle-de raýat infrastruktura desgalaryna zeper ýetirdi.
Regional häkim Oleh Kiperiň Telegramda galdyran maglumatyna görä, hüjüm sebäpli 130 töweregi adam ewakuasiýa edilipdir.
Ukrainanyň günorta sebiti boýunça ýaragly güýçleri hem aýratyn beýanat ýaýradyp, Odessa edilen hüjümiň dowamynda Eýranda öndürilen 11 dronuň ýok edilendigini aýtdy, şeýle-de urlan pilotsyz enjamlaryň galyndylarynyň aglabasynyň Gara deňze gaçandygyny belledi.