Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň serhediniň golaýynda taktiki ýadro ýaraglarynyň türgenleşigine başlady


Russiýa "Iskander-K" raketanyň synagyny geçirýär (arhiw suraty)
Russiýa "Iskander-K" raketanyň synagyny geçirýär (arhiw suraty)

Russiýa Ukrainanyň serhediniň golaýyndaky Günorta Harby Etrapçada taktiki ýadro güýçleriniň taýýarlygyny artdyrmak boýunça türgenleşikleriň “birinji tapgyryna” başlady diýip, 21-nji maýda Russiýanyň Goranmak ministrligi mälim etdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, “türgenleşikler şahsy düzümiň we strategiki bolmadyk ýadro ýaraglarynyň uruş birikmeleriniň gaýtawul bermek, şeýle-de territorial bütewiligi we özygtyýarlylygy şertsiz ýagdaýda goramak boýunça taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir”.

Türgenleşikleri geçirmek baradaky planlar 6-njy maýda yglan edilipdi.

Günbatar prezident Wladimir Putini “ýaraglar bilen haýbat atmakda” we “Russiýanyň jogapkärçiliksiz hereketini dowam etdirmekde" aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG