Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ýanwar-sentýabr aralygynda 23.6 müň türkmenistanly syýahat etdi


Türkmen ýolagçylary uçara bilet almak üçin nobata durlar
Türkmen ýolagçylary uçara bilet almak üçin nobata durlar

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistandan Russiýa 23.6 müň türkmenistanly syýahat edipdir. Bu barada ýarym-resmi türkmen neşirleri Russiýanyň TASS gullugyna salgylanyp habar berýärler.

Bu görkeziji hasabat döwründe Russiýa sapar eden daşary ýurt döwletleriň raýatlarynyň arasynda bäşinji orunda durýar.

Maglumata görä, 2023-nji ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça Russiýa Hytaýyň 105.8 müň raýaty, Germaniýanyň 42.1 müň raýaty, Türkiýäniň 33.7 müň raýaty we Eýranyň 25.6 müň raýaty syýahat edipdir.

2023-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Russiýa baran daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 429 müňe barabar bolupdyr.

Aşgabadyň geçen ýylyň sentýabrynda Ankara ýüz tutup, öz raýatlary üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmagyny gazanmagyndan soň, zähmet migrantlarynyň köpüsi Türkiýäniň ornuna, has köp Russiýany saýlap başladylar.

Russiýa türkmen raýatlarynyň okamak, pul gazanmak we saglygyny bejertmek üçin iň köp saýlaýan ýurtlarynyň biridir.

XS
SM
MD
LG