Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we ABŞ-nyň lideri Jo Baýden telefonda güleşdi.
Olar hepde ahyrynda hakyna tutulan söweşijileriň başlygy Ýewgeniý Prigožiniň toparynyň Moskwa tarap başlan ýaragly ýörişini bes edip, garşysyna gozgalan jenaýat işiniň ýatyrylmagy netijesinde Belarusa gitmegine getiren başagaýlykdan soň, Russiýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdy.
ABŞ we ukrain resmileri 25-nji iýunda Zelenski bilen Baýdeniň Kiýewiň rus güýçlerine garşy alyp barýan häzirki hüjümi we 11-12-nji iýulda Litwada geçiriljek NATO sammitiniň öňünden "pozisiýalaryny utgaşdyrmak" barada gürleşendiklerini aýtdylar.
Ak tam iki lideriň "Russiýada bolup geçen soňky wakalary" ara alyp maslahatlaşandygyny we Baýdeniň ABŞ-nyň üýtgewsiz goldawyny, şol sanda howpsuzlyk, ykdysady we ynsanperwer kömegini dowam etdirjekdigini tassyklandygyny aýtdy.
Zelenski twitterde ABŞ-nyň prezidenti bilen Russiýada bolup geçen wakalary we özüne gerek bolan uzak aralyk ýaraglary barada maslahat edendigini aýtdy.
"Oňyn we ruhlandyryjy söhbetdeşlik. Biz söweş hereketleriniň barşy we Russiýada bolup geçýän wakalar barada pikir alyşdyk" diýip, ol ýazdy.
"Biz uzak aralyga ýetýän ýaraglara basyş etmek bilen, goranyş hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdyk ... NATO-nyň Wilniusda geçiriljek sammitiniň öňüsyrasynda öz pozisiýamyzy utgaşdyrdyk" diýip, Zelenski aýtdy.