Russiýanyň Saratow sebitinde, Türkmenistanda wagty uly mukdardaky maliýe kezzaplygyna gatnaşandygy aýdylýan, Türkmenistanyň raýaty saklandy. Ony Türkmenistana deportasiýa etmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 9-njy ýanwarda SARATOV.KP.RU neşiri ýerli prokuratura salgylanyp habar berdi.
Derňewiň maglumatyna görä, şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk şahs 2022-nji ýylyň iýul-sentýabr aýlary aralygynda Daşogzuň Görogly etrabynda özüni bankyň işgäri hökmünde tanyşdyryp, adamlara kredit almaga, kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmaga we işe ýerleşdirmäge hemaýat edip biljekdigini aýdypdyr.
Netijede onuň watandaşlaryndan, aldaw ýoly bilen, jemi hasapda 267 müň manat alandygy aýdylýar.
Maglumatda onuň Russiýada gizlenjek bolandygy, emma geçen ýylyň martynda Saratowda polisiýa tarapyndan saklanandygy bellenilýär.
Prokuraturanyň barlagy onuň öz ýurduna ekstradisiýa edilmegi boýunça päsgelçiligi ýüze çykarmandyr.
Häzirki wagtda ol erkek kişi tussaglyk astynda saklanýar we Türkmenistana iberilmegi boýunça dokumentleri taýýarlanýar.
Bu waka barada Türkmenistanyň berk gözegçilik astyndaky media serişdeleri habar bermeýärler.