Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada tussag edilen ABŞ žurnalisti resmi derejede içalyçylykda aýyplanýar


Ewan Gerşkowiç. Moskwanyň şäher sudy. 20-nji fewral, 2024 ý.
Ewan Gerşkowiç. Moskwanyň şäher sudy. 20-nji fewral, 2024 ý.

Russiýanyň Baş prokuraturasy 13-nji iýunda ABŞ-ly žurnalist Ewan Gerşkowiçiň resmi derejede içalyçylykda aýyplanýandygyny tassyklady we onuň kazyýet işini Swerdlowsk sebit kazyýetine iberdi.

“Derňewçiler “Wall Street Journal” gazetiniň ABŞ-ly žurnalistiniň ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) haýyşy boýunça 2023-nji ýylyň mart aýynda harby enjamlary öndürýän we abatlaýan “Uralwagonzawod” senagat desgasynyň dolandyryş işleri bilen baglanyşykly gizlin maglumatlary ýygnandygynyň üstüni açdylar we muny resminamalar esasynda tassykladylar” diýlip, Russiýanyň Baş prokuraturasynyň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, onda Gerşkowiçiň “bikanun hereketleri düýpli gizlinlik çäreleri astynda amala aşyrandygy” hem bellenilýär.

32 ýaşly ABŞ raýaty 2023-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda Uralyň Ýekaterinburg şäherinde tussag edildi.

Gerşkowiçiň özi we işleýän neşiri içalyçylyk aýyplamalaryny çürt-kesik ret edýärler. Gerşkowiçiň saklanan mahaly onuň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirendigi we degişli habarçylyk akreditasiýasynyň bolandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG