Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada tussaglykdaky asly özbegistanly hukuk goraýjy Hamroýewiň ýenjilendigi aýdylýar


Bahrom Hamroýew
Bahrom Hamroýew

Özbegistanda doglan russiýaly adam hukuklaryny goraýjy Bahrom Hamroýewiň aýalynyň Mediazona neşirine aýtmagyna görä, onuň tussaglykdaky adamsy geçen aý Wladimir şäheriniň düzediş koloniýasynda zalymlarça ýenjilipdir.

Hamroýew Russiýada Merkezi Aziýadan gelen zähmet migrantlaryna ýuridiki hemaýaty berýärdi. Ol 2023-nji ýylyň maýynda “onlaýn terrorçylyga çagyryşlary etmekde we terrorçy toparynyň hereketlerini guramalaşdyrmakda” günäli tapylyp, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Bu aýyplamalar onuň gadagan edilen Hizbut-Tahrir yslamçy toparynyň agzalary bolmakda güman edilip suda çekilen migrantlaryň diňlenişigi boýunça, internetde galdyran teswirleri bilen ilteşikli.

XS
SM
MD
LG