Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň, Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Lawrow Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna beren güýçli goldawy üçin Demirgazyk Koreýa minnetdarlyk bildirdi.
Lawrow Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna beren güýçli goldawy üçin Demirgazyk Koreýa minnetdarlyk bildirdi.

Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýany Ukrainadaky uruş tagallalaryny goldamak üçin Russiýa täze ok-varag ýüklerini ibermekde aýyplanyndan birnäçe gün soň, Russiýanyň we Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministrleri 19-njy oktýabrda Phenýanda duşuşyp, harby gatnaşyklary ösdürmek barada gepleşik geçirdiler.

Russiýanyň daşary işler ministri, Demirgazyk Koreýa iki günlük sapara baran Sergeý Lawrow Phenýana 18-nji oktýabrda uçdy.

Lawrow gün ahyrynda guralan kabul edişlikde eden çykyşynda Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna beren güýçli goldawy üçin Demirgazyk Koreýa minnetdarlyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG