20-nji martda irden Russiýanyň güýçleriniň Ukrainanyň Dnipropetrowsk regionyna uran zarbalary netijesinde, azyndan bäş adam ýaralandy, şeýle-de raýat binalarynyň ençemesine zeper ýetdi. Bu barada ýerli häkim Serhiý Lysak Telegram kanalynda mälim etdi.
Lysak şikes alanlaryň asynda iki ýetginjegiň, gyz we oglan doganlaryň bolandygyny hem sözüne goşdy. Ol Synelnýuk etrabyna urlan zarbada şikes alan ýene bir aýalyň, häzir keselhanada agyr ýagdaýdadygyny hem belledi.
20-nji martda Ukrainanyň harbylary öten agşamyň dowamynda Russiýanyň ýurduň 150 ilatly nokadyna zarba urandygyny aýtdylar.