Öten agşamyň dowamynda Russiýanyň Krasnodar ülkesindäki Temrýuk portuna edilen birnäçe dron hüjüminden soň ýangyç saklanylýan uly ammarlarda ýangyn döredi we käbir senagat desgalaryna zeper ýetdi diýip, sebit häkimiýetleri we rus metbugaty 25-nji dekabrda irden habar berdi.
Krasnodar sebitiniň operatiw ştabynyň maglumatyna görä, hüjümden soň portda nebit önümlerini saklaýan iki rezerwuar ot aldy.
Ýangyn takmynan 2 müň inedördül metre ýaýrady, deslapky maglumatlara görä, adam pidasy ýok. Ýerli neşirleriň paýlaşan wideo ýazgylarynda kenar ýakasynda ýerleşýän, nebiti gaýtadan işlemek meýdançasy ýaly görünýän ýerde ot alawlarynyň ýokary galýandygy görünýär. Ýangyny söndürmäge onlarça adam we 18 sany tehnika, şol sanda Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri çekilipdir.
Resmiler şeýle hem Şerbinowskiý etrabynyň Nikolaýewka obasynyň golaýyndaky bir kärhananyň önümçilik binalaryna we oba hojalyk tehnikalaryna hem zeper ýetendigini aýtdylar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 25-nji dekabra geçilýän gije 141-den 170-e çenli ukrain dronunyň urlup düşürilendigini öňe sürdi. Beýanata görä, olaryň ýedisi Krasnodar ülkesiniň üstünde, ýene birnäçesi Moskwa we Brýansk sebitleriniň asmanynda ýok edilipdir. Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin paýtagta tarap uçýan sekiz dronuň öňüniň alnandygyny aýtdy.
Ukrain resmileri Temrýukdaky zarba barada entek teswir bermediler, bu aýdylanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak hem başartmaýar.
Şeýle-de bolsa, soňky aýlarda ukrain güýçleri Russiýanyň energiýa we ulag infrastrukturasyny nyşana alýan uzak aralyga niýetlenen dron operasiýalaryny dowamly geçirýär.
Şu aýyň başynda Kiýew bilen ilteşikli dron birikmeleri Krasnodar ülkesindäki Tamanneftegaz nebit terminalyna zarba urdy. Mundan başga, 9-njy dekabrda Temrýukdaky suwuklandyrylan gaz terminaly Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň (SBU) amala aşyrandygy aýdylýan hüjüme sezewar boldy.
Şol bir wagtda, front çyzygynyň beýleki tarapynda Russiýanyň güýçleri gijäniň dowamynda Ukraina garşy dronlaryň uly tolkunyny atdy.
Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa ýurduň Kursk, Orýol we Primorsko-Ahtarsk sebitlerinden, şeýle-de okupirlenen Krymdan we Donetsk sebitiniň käbir böleklerinden 131 sany hüjüm dronuny atandygyny aýtdy. Olaryň arasynda Eýranda öndürilen “Şahed” kysymly we ýerli ýasalan“Geran” görnüşli pilotsyz enjamlarynyň hem bolandygy bellenilýär.
Harbylaryň maglumatyna görä, ukrain howa goranyşy 106 drony urup düşürdi ýa-da işden çykardy. Şeýle-de bolsa, 22 dron Ukrainanyň demirgazyk, günorta we gündogar sebitlerinde 15 ýerde nyşanalara degdi.
Ýaralananlar ýa-da ýetirilen zyýan boýunça dessine resmi maglumat berilmedi.
Forum