13-nji maýda Russiýanyň Sibir regionynyň Ýakutiýa şäherinde suw joşmalary sebäpli dört ýerli ýaşaýjy gark bolup, heläk bolanyndan soň, adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Mundan bir gün öň, Irtyş derýasyndaky suwuň derejesi ýokarlanandan soň, Omsk regionyndaky dört obanyň ýaşaýjylary sebitden ewakuasiýa edildi.
Bu aralykda, Gazagystanyň günbataryndaky Inderbor şäheriniň resmileriniň berýän maglumatyna görä, Ural derýasyndaky suwuň derejesiniň ýokarlanmagy, sebite wehim salýar.
Soňky hepdelerde Russiýanyň we Gazagystanyň sebitleri suw joşmalaryndan ejir çekýärler. Bu adaty bolmadyk maýyl howa sebäpli, garlaryň uly depgin bilen eremegi sebäpli ýüze çykdy.