Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň goranmak ministri “Wagner” gozgalaňyndan soň wideoda 'peýda boldy'


Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu
Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu, ministrligiň çap eden täze wideoýazgyda görkezilmegine görä, häkimiýetler onuň wezipesinden boşadylmagy üçin “Wagner” topary tarapyndan gurnalan ýaragly pitnäni özara ylalaşyk esasynda ýatyranyndan soň, ilkinji gezek jemgyýetçilige görkezildi.

Goranmak ministrligi tarapyndan 26-njy iýunda ýaýradylan wideoýazgyda Şoýgu kärdeşi bilen uçarda uçup, Russiýanyň “Zapad” harby topary tarapyndan dolandyrylýan serkerdeligiň beren hasabatyny diňledi.

Wideoda gürleşýänleriň sesi berilmedi we saparyň nirede ýa-da haçan bolandygy entek belli däl.

XS
SM
MD
LG