Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň harbylary Odessa we Zaporižžýa hüjüm etdi

Odessa gijäniň dowamynda urlan zarbalaryň netijeleri
Odessa gijäniň dowamynda urlan zarbalaryň netijeleri

Russiýanyň goşuny 10-njy fewrala geçilýän gije Ukrainanyň Odessa oblastynyň günortasyndaky energiýa desgasyna zarba urdy diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Kiper habar berdi. Onuň sözlerine görä, hüjümiň netijesinde üç jemgyýetiň çägindäki ilatly nokatlarda elektrik üpjünçiligi bölekleýin kesildi. Şeýle hem administratiw bina zeper ýetdi. Deslapky maglumatlara görä, jebir çeken ýok.

Zaporižžýa oblastynyň harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorow Russiýanyň dronlar bilen Wolnýansk şäherine zarba urandygyny aýtdy. Dört adam ýaralandy, olaryň arasynda iki ýaşyna ýetmedik çaga hem bar. Hususy jaýlar we hojalyk gurluşlary zaýalandy.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň maglumatyna görä, sişenbä geçilýän gije Russiýa Ukraina 125 dron bilen hüjüm etdi, olaryň 110-sy ýurduň demirgazyk, günorta we gündogar sebitlerinde atylyp düşürildi ýa-da zyýansyzlandyryldy. Harbylaryň gündelik maglumatynda 13 sany dronuň alty ýerde nyşana degendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG