21-nji maýda irden Russiýanyň Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw şäherine dronlar bilen hüjüm etmegi netijesinde, dört adam ýaralandy we transport infrastruktura desgasyna zeper ýetdi. Bu barada regional resmiler habar berdiler.
Häkim Oleh Synýehubowyň maglumatyna görä, urlan dronlaryň ýene gaçan galyndylary Ukrainanyň ikinji iri şäherindäki birnäçe hususy jaýa hem zeper ýetiripdir.
Mundan öň, Ukrainanyň tutuş territoriýasynda howa hüjümi barada duýduryş yglan edilipdi.