Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynda onlarça adam ýaralandy – häkim Kliçko


Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri

13-nji dekabrda Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewe raketalar bilen eden soňky hüjüminiň netijesinde azyndan 53 adam, şol sanda sekiz çaga ýaralandy diýip, paýtagtyň häkimi Witaliý Kliçko Telegram kanalynda habar berdi.

Ol şikes alanlaryň 20-siniň, şol sanda iki sany çaganyň keselhana ýerleşdirilendigini hem sözüne goşdy.

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamy Russiýanyň Kiýewe atan 10 sany ballistik raketasyny urup düşürdi. Raketalaryň galyndylary paýtagtyň dört etrabyna gaçyp, adamlary ýaraladylar. Bu barada ýerli resmiler mälim etdi.

Harby howa güýçleri günortadaky Odesa regionynyň üstünde hem 10 dronuň urlandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG