Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Odesa, Harkow we Dnepropetrowsk sebitlerine eden hüjümi adam ölümine sebäp boldy


Orsýetiň Harkow sebitine eden dron hüjüminiň netijeleri. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary
Orsýetiň Harkow sebitine eden dron hüjüminiň netijeleri. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary

Rus goşunlary 13-nji ýanwara gecilýän gije Odessa, Harkow we Dnepropetrowsk sebitlerine hüjüm edip, adam ölümine we ýaralanmalaryna sebäp boldy.

Odesa edilen gijeki hüjümde bäş adam ýaralandy. Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatlaryna görä, alty sany köp kwartiraly jaýa we bir çagalar bagyna, şeýle-de iki garaža we dokuz awtoulaga zyýan ýetdi.

Harkowda dört adam öldi, alty adam ýaralandy. Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugy hüjümiň poçta terminalyna gönükdirilendigini habar berdi. Jaýlar ýumruldy we birnäçe ýangyn boldy. Harkowyň häkimi Igor Terehowyň sözlerine görä, dronlaryň biri Şewçenko etrabyndaky çagalar şypahanasyna zarba urdy.

Harkow sebit prokuraturasynyň suddan öňki derňewleriň prosessual dolandyryşyny guramak bölüminiň başlygy Dmitriý Ýatsiçenkonyň sözlerine görä, rus güýçleri ilki raketalar, soňra dronlar bilen zarba urdy.

Dnepropetrowsk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Ganža rus güýçleriniň Zelenodolsk jemgyýetine uly raketa we dron zarbalaryny urandygyny habar berdi. Infrastruktura desgasyna, iki sany hususy jaýa we gaz geçirijisine zyýan ýetdi. Bir aýal ýaralandy. Wasilkow jemgyýetinde bir erkek ýaralandy. Hojalyk jaýyna, awtoulaga we gaz geçirijisine zyýan ýetdi.

XS
SM
MD
LG