Russiýa öten agşam Ukrainanyň gündogar Poltawa sebitine hüjüm edip, adam ölümine we maddy zyýana sebäp boldy diýip, sebit häkimiýetleri günorta-gündogar Robotine obasynyň azat edilendigini tassykladylar, Zaporižýa sebitindäki hüjümiň dowam etdirilýändigini aýtdylar.
"Duşman hüjümi netijesinde iki adam öldi, kiçiräk ýara düşen iki adam keselhana äkidildi, ýene iki adam dereksiz ýitdi" diýip, sebit häkimi Dmitro Lunin telegramda ýazdy. Ol bu hüjümde bir senagat desgasynyň ýumrulandygyny hem sözüne goşdy.
Russiýanyň öten agşam Dnipropetrowsk sebitiniň Kriwiý Rih şäherine uran raketa zarbasy bu şäherdäki iki jaýy ýykdy diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak 28-nji awgustda habar berdi.
Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malyar telegramdaky ýazgysynda Orihow şäherinden Tokmak şäherine barýan strategiki ýoluň ugrunda, günorta Melitopol şäherine barýan möhüm ýoluň boýunda ýerleşýän Robotiniň azat edilendigini tassyklady.
Ukrain goşuny geçen hepde Robotinde milli baýdagy galdyrandygyny we, arassalaýyş operasiýalarynyň dowam edýändigi sebäpli, parahat ilaty ewakuasiýa edýändigini habar berdi.
"Ukrainanyň goranmak güýçleri günorta-gündogar Robotine şäherçesinde üstünlik gazandylar" diýip, Malýar aýtdy.
"Biziň güýçlerimiz Robotiniň günorta-gündogarynda we Zaporižýa sebitindäki Mala Tokmaçkanyň günortasynda öňe süýşýär" diýip, ol aýtdy.
Ukrain goşuny biraz öň öz güýçleriniň Melitopol şäherine edýän hüjümlerini dowam etdirýändigini aýtdy.
Ukrainanyň Goranmak güýçleri “Melitopol ugrundaky hüjüm operasiýasyny dowam etdirip”, soňky bir günüň dowamynda 34 söweş çaknyşygyna girdi diýip, baş ştab 28-nji awgustda, irden beren gündelik hasabatynda aýtdy.
Günorta Zaporižýa sebitinde ýerleşýän Melitopol rus güýçleri üçin möhüm tranzit merkezi bolup, anneksiýa edilen Krym bilen gündogar Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerleriniň arasyndaky "gury ýer köprüsi" hökmünde möhüm baglanyşyk hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Rus häkimiýetleri 28-nji awgustda öten agşam Moskwa etraplarynyň birinde we günbatar Braýansk sebitinde pilotsyz uçarlary urup ýykandyklaryny aýtdylar.
Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin gürrüňi edilýän dronyň paýtagtyň Lýubertsi etrabynda ýok edilendigini, pidalaryň we çekilen zyýanyň bolmandygyny aýtdy.
Sobýaniniň sözlerine görä, Moskwanyň iki howa menzili, Domodedowo we Wnukowo bir sagat töweregi işini togtatdy. Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goragy güýçleriniň öten agşam Braýansk sebitine aralaşan iki sany pilotsyz uçary urandygyny aýtdy. Çekilen zyýanyň ýa-da adam ýitgisiniň bolmandygy aýdyldy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 27-nji awgustda özüniň "sentýabryň Ukraina üçin güýçli aý bolmagyna" garaşýandygyny, şeýle-de günbatar ýaranlarynyň möhüm ýaraglar we enjamlar bilen baglanyşykly möhüm kararlary kabul etmegine bil baglaýandygyny aýtdy.
Zelenski 27-nji awgustda telegramda çap eden ýazgysyanda ýakyn hepdelerde “ukrain esgerleri üçin täze goranyş paketleriniň berilmegine” garaşýandygyny aýtdy.
"Artilleriýa, sowutly ulaglar, howa goranyş ulgamlary we raketalar, minalary aýyrmak üçin enjamlar" diýip, ol aýtdy. “Hyzmatdaşlarymyza zerurlyklarymyz barada habar berildi. Kabul ediljek kararlara garaşýarys" diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.
"Birleşen dünýä islendik agressordan kuwwatlydyr, sentýabr aýynda has köp agzybirlik bolar" diýip, ol sözüni jemledi.
Hersonyň sebit harby administrasiýasynyň maglumatyna görä, rus goşunynyň 27-nji awgustda merkezi Herson şäherine eden hüjüminde bir aýal öldürildi, bir erkek bolsa ýaralandy.
Forum