Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň sebit mediasynda "Putiniň ýüzlenmesi" efire berildi. Kreml onuň galp bolandygyny aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Rostow, Woronež we Belgorod sebitleriniň radio efirinde 5-nji iýunda irden Putiniň Ukraina bilen serhetleşýän üç sebitde harby kanunyň girizýändigi baradaky "ýüzlenmesi" peýda boldy.

"Ýüzlenmeli" wideo teleýaýlym alyp baryjysy Kseniýa Sobçagyň "Krowawaýa barynýa" telegram kanaly tarapyndan hem çap edildi.

Onda sesi we gepleýiş äheňi prezident Wladimir Putiniň sesine meňzeýän bir adam: "Waşingtonyň razyçylygy we goldawy esasynda NATO blogy tarapyndan ýaraglandyrylan ukrain goşunlary Kursk, Belgorod we Braýank sebitlerine hüjüm etdi" diýýär.

"Kursk, Belgorod, Braýansk sebitlerinde meniň kararym bilen harby kanun girizildi. Şeýle-de şu gün umumy mobilizasiýa baradaky karara gol çekerin" diýip, telegram kanaly "ýüzlenmeden" bir bölek getirýär.

"Mir" tele-radio kompaniýasy öz ýaýlymynyň döwülendigini, habar programmasynyň bikanun kesilendigini we mazmunyň çalşyrylandygyny tassyk etdi.

"12: 41-den 13: 18-e çenli aralykda ýerleşdirilen maglumatlaryň "Mir" tele-radio kompaniýasyna hiç hili baglanyşygy ýok we olar düýbünden ýasama we prowokasiýa" diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Putiniň Belgorod sebiti boýunça hiç hili "ýüzlenmesiniň" bolmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG