Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň sudy žurnalist Kurmaşewanyň tussaglyk möhletini uzaltdy


Alsu Kurmaşewa
Alsu Kurmaşewa

31-nji maýda Russiýanyň sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti, rus we ABŞ goşa raýatlygyna eýe bolan Alsu Kurmaşewanyň tussaglyk möhletini 5-nji awgusta çenli uzaltdy.

Kazan şäheriniň Sowetskiý etrap sudy Kurmaşewanyň aklawçylarynyň ony öý tussaglygyna geçirmek baradaky nobatdaky haýyşyny ýene ret etdi.

Kurmaşewa 18-nji oktýabrda Tatarystanyň paýtagtynda uçar menzilinde saklanypdy.

Rus häkimiýetleri ony rus kanunçylygy astynda, žurnalistleri, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini we beýlekileri nyşana alýan jeza beriji kanunyň talabyny ýerine ýetirmezlikde, “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmazlykda aýyplady.

Soň ol rus goşunlary barada galp maglumatlary ýaýratmakda aýyplandy. Eger günäli tapylsa, iki çaganyň ejesi bolan žurnaliste 10 ýyla çenli türme tussaglygy howpy abanýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy we ABŞ hökümeti bu aýyplamalaryň oňa Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bolup işlänligi üçin, ar alyş çäresi hökmünde ýöňkelýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG