Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň türmesinde gynalan asly merkezi aziýaly öli tapyldy

2020-nji ýylda Angarskyň 15-nji düzediş koloniýasynda bolan tussaglaryň pitnesinden soň, bendileriň köpüsi başga türmelere geçirildi.
2020-nji ýylda Angarskyň 15-nji düzediş koloniýasynda bolan tussaglaryň pitnesinden soň, bendileriň köpüsi başga türmelere geçirildi.

Russiýanyň Sibir sebitindäki türmede gynalan asly merkezi aziýaly Tahirjon Bakiýew, Irkutsk regionynyň 2-nji belgili düzediş koloniýasynda öli tapyldy.

Bakiýewiň gyz dogany Nargiz Bakiýewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türme resmileri oňa 6-njy fewralda jaň edip, doganynyň özüni asandygyny aýdyp, jesedini hem alyp gitmegini sorapdyrlar.

Merhum türmeden ýollan soňky hatynda, “parhsyz adamlary” türmede özüniň gynalmagynyň netijelerine hemaýat bermegi sorapdy, şeýle-de tussaglykda hamala “öz-özüni heläklän ýaly” bolup, “bu ýerde ölmek” islemeýändigini nygtapdy.

Geçen ýylyň fewralynda Irkutskyň sudy 2021-nji ýylyň ýanwarynda Bakiýewiň urlup, gynalyp we jynsy taýdan zorlanmagy bilen ilteşikli ozalky türme sakçysy we onuň iki şärigini günäli tapyp, her birini bäş ýyl tussaglyga höküm edipdi.

XS
SM
MD
LG