Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukraina eden dron, agyr artilleriýa hüjümlerinde birnäçe adam ýaralandy


Ukrainanyň asmanynda urlan "Şahed" drony. Arhiw suraty
Ukrainanyň asmanynda urlan "Şahed" drony. Arhiw suraty

Ukrain häkimiýetleri Russiýanyň 28-nji mart güni irden ýurduň merkezi we gündogar sebitlerine eden howa hüjümlerinde kamikadze pilotsyz uçarlaryny we agyr artilleriýany ulanandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary Dnipropetrowskda, Harkowda, Odesada we Zaporižýada Russiýanyň uçuran 28 sany “Şahed” görnüşli pilotsyz uçarynyň 26-syny saklady diýip, ýurduň harby-howa güýçleriniň eden baýanatynda aýdylýar.

Zaporižýanyň ýerli häkimiýetleri ýaşaýyş jaýlaryna zarba urlandygyny we azyndan iki adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anatoliý Kurtew bäş jaýyň bölekleýin ýumrulandygyny, 40 jaýa bolsa zyýan ýetendigini aýtdy.

Merkezi Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Serhiý Lysak Nikopolyň agyr artilleriýa we pilotsyz uçarlar bilen nyşana alnandygyny aýtdy. Bu hüjüm netijesinde iki adam ýaralandy, dört jaýa we elektrik liniýasyna zyýan ýetdi diýip, Lysak sözüniň üstüni ýetirdi.

Odesada, sebit häkimi Oleh Kiperiň aýtmagyna görä, Russiýa sebiti raketalar bilen nyşana almazyndan öň, bu künjege pilotsyz uçarlary ugratdy. Ol Odesada ölenleriň ýokdugyny aýtdy.

Sebit häkimi Oleh Synyehubowyň maglumatyna görä, Harkowda edara jaýlaryna, dükana we restorana zyýan ýetdi.

Ukrain häkimiýetleri Russiýanyň 27-nji martda Harkowa uran howa zarbalarynda täze görnüşli, ugrukdyrylýan bombany ulanan bolmagynyň mümkindigini aýtdylar, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu hüjümi "rus terrorçylygy" hökmünde häsiýetlendirdi.

Harkow sebit polisiýasynyň başlygy Wolodymyr Timoşko Moskwanyň täze görnüşli, “UMPB D-30” diýlip häsiýetlendirýän bombany ulanan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

"Ruslar modifirlenen bombalaryny jaýlaryň ýaşaýjylarynda synag etmek kararyna gelene meňzeýär” diýip, Synyehubow aýtdy.

Şu aralykda, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 28-nji martda, Russiýanyň uzak wagtlyk ýarany bolan Hindistan bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, iki günlük sapar bilen, Nýu-Deli şäherine bardy.

Ukrainanyň baş diplomaty bu saparyň çäginde hindi kärdeşi Subrahmanýam Jaýşankar bilen duşuşar we bu ýurduň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň orunbasary bilen gepleşik geçirer.

Forum

XS
SM
MD
LG