Russiýanyň gijeki dron we ballistik raketa hüjümleriniň netijesinde Kiýewde we onuň töweregindäki sebitlerde azyndan 15 adam öldi. Ukraina howa goranyş serişdeleriniň ýiti ýetmezçiligini duýduryp, Russiýanyň hüjümleriniň güýçlenýän mahaly ýaranlaryny gyssagly zerur bolan Patriot howa goranyş raketalaryny we beýleki ýaraglary ibermegi tizleşdirmäge çagyrdy.
Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy sebitde howa hüjümi baradaky duýduryşyň henizem güýjünde galýandygyny aýtdy. Gulluk täze zarbalaryň howpunyň dowam edýändigi sebäpli halas ediş işgärleriniň güýçlendirilen howpsuzlyk şertlerinde iş alyp barýandygyny hem belledi.
«Russiýa ýene-de parahat ilatyň janlaryny alyp, topragymyza ölüm we weýrançylyk getirdi» diýip, Kiýew şäher döwlet administrasiýasynyň başlygy Tymur Tkaçenko Telegramda ýazdy.
Ol iň köp adam pidalarynyň Browary etrabynda hasaba alnandygyny, bu ýerde dokuz adamyň ölendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Buça etrabynda zarba ýene dört parahat ýaşaýjynyň, Fastiw etrabynda bolsa bir adamyň ölümine sebäp boldy.
Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçko paýtagta edilen hüjümde azyndan 24 adamyň ýaralanandygyny we bir adamyň ölendigini habar berdi.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa Ukraina garşy 24 ballistik raketany, dört gipersonik raketany we 115 drony ulanyp hüjüm etdi. Hüjümiň esasy nyşanasy Kiýew sebiti boldy.
Howa güýçleri hüjümiň dowam edýändigini we Russiýanyň birnäçe dronynyň henizem Ukrainanyň howa giňişliginde galýandygyny aýtdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy Kiýew sebitiniň Browary etrabynda Russiýanyň gijeki hüjüminiň netijelerini görkezýän wideony çap etdi.
Ýokary tizlikli ballistik raketalary saklap bilýän howa goranyş ulgamlarynyň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýän Ukrainanyň üstüne Russiýa soňky döwürde raketa hüjümlerini has-da güýçlendirdi.
Forum