Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukrainanyň köpgatly ýaşaýyş jaýyna eden raketa hüjüminde azyndan 22 adam heläk boldy

7-nji oktýabrda Russiýanyň Ukrainanyň Çernihiw sebitiniň Priluki şäherindäki köpgatly ýaşaýyş jaýyna eden raketa hüjüminden soň, harabalyklaryň aşagyndan ýaşaýjylary halas etmek üçin gyssagly kömek işleri geçirilýär.
7-nji oktýabrda Russiýanyň Ukrainanyň Çernihiw sebitiniň Priluki şäherindäki köpgatly ýaşaýyş jaýyna eden raketa hüjüminden soň, harabalyklaryň aşagyndan ýaşaýjylary halas etmek üçin gyssagly kömek işleri geçirilýär.

Halas edijiler demirgazyk Ukrainada weýran bolan köpgatly ýaşaýyş jaýynyň harabalyklarynyň arasynda howlukmaçlyk bilen gözleg işlerini geçirip, azyndan 22 adamyň ölümine sebäp bolan Russiýanyň eden raketa hüjüminde aman galanlary gözlediler.

7-nji oktýabrda bolan güýçli atyşyklaryň netijesinde ýurt boýunça azyndan 25 adamyň, şol sanda Kiýewde iki adamyň ölendigi habar berildi.

Bu atyşyklar, Kremliň söweş meýdanynyň öň hatarlarynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň arasynda ýygylygy we gazaplylygy yzygiderli artýan gündelik hüjümleriň bir bölegidi.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bulary soňky döwürde bolan “iň nejis” hüjümleriň biri diýip atlandyrdy we olaryň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň doglan gününde bolandygyny belledi.

Zelenskiý X sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda rus güýçleriniň “Putine doglan gün 'sowgady' hökmünde” ýaşaýyş jaýyny “weýran edendigini” aýtdy.

Onuň sözlerine görä, başga ýerlerde hem şuňa meňzeş jaýlaryň ýene-de azyndan 10 sanysyna, şeýle-de Moskwa üçin “esasy nyşanalaryň” biri bolan Ukrainanyň energiýa infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi.

Kiýewden takmynan 150 kilometr gündogarda ýerleşýän Priluki şäherinde ýangyn söndürijiler, halas edijiler we ýerli meýletinçiler hüjümden soň aman galanlary gözläp, kerpiçleriň we jaý galyndylarynyň aralaryny gazyp, köwläp çykdylar. Bäş gatly jaýyň aglaba bölegi rus hüjümi netijesinde weýran boldy, partlama tolkuny üçegiň ýumrulmagyna we penjireleriň döwülmegine getirdi.

“Ýangyn gözümiň öňündedi. Partlamalar boldy. Men kwartiramda gygyrýardym. Bu örän gorkunçdy. Men ony beýan edip bilmeýärin” diýip, öz adyny Lidiýa diýip tanyşdyran bir aýal “Current Time” neşirine beren maglumatynda aýtdy.

“Şeýle köp adam öldi. Men bu ýerdäkileriň hemmesini tanaýardym” diýip, ol gözýaşlaryny saklap, sözüniň üstüne goşdy.

Uruş döwründe tapgyr bäşinji gyşyň golaýlamagy bilen, Russiýanyň Ukraina hüjümleri gündelik ýagdaýa öwrüldi.

Mundan ozal, Moskwa Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna hüjüm edip, müňlerçe adamy doňduryjy sowuk howada ýyladyşsyz we elektrik energiýasyz galdyrmak arkaly, Kiýewe özüniň berk talaplaryny kabul etdirmäge synanyşdy.

Ýöne şu ýyldan başlap Kiýew Russiýanyň hüjümlerine barha köp jogap berip, Russiýanyň içindäki harby we energiýa desgalaryna uzak aralykly hüjümleri we Ukrainanyň basyp alnan gündogar we günorta sebitlerindäki esasy logistika ulgamlaryna orta aralykly hüjümleri amala aşyrýar.

Gara deňizde tankere hüjüm edildi

Russiýanyň soňky hüjümlerinden soň, Zelenskiý Kiýewiň “adalatly jogaplary” barada maglumat berdi. Ol ukrain güýçleriniň 7-nji oktýabr gijesinde Russiýanyň iki sany nebit desgasy bilen bir harby türgenleşik meýdançasyny nyşana alandygyny aýtdy we “Gara deňizde hem jogap berildi” diýdi.

Birnäçe sagat öň Russiýanyň Transport ministrligi ýurduň günortasyndaky dynç alyş merkezleri bilen tanalýan iri Soçi şäheriniň golaýynda Liberiýanyň baýdagy astyndaky bir tankere “deňiz dronlary” tarapyndan hüjüm edilendigini habar beripdi.

Ministrlik hüjümden soň güýçli ýangynyň ýüze çykandygyny we Gara deňziň ýüzünde “çig nebitiň açyk ýanýandygyny” habar berdi. Soňra olar ählisi Hindistanyň raýatlary bolan 23 adamlyk ekipažyň halas edilendigini we ýangynyň öçürilendigini goşmaça bellediler.

Ukrainanyň “BlackSeaNews” gözegçilik saýtynyň maglumatyna görä, bu gämi Russiýanyň “kölege floty” diýlip atlandyrylýan ulgamynyň — ýagny rus ýangyjyny daşamak we sanksiýalardan sowa geçmek üçin ulanylýan gämiler torunyň bir bölegi hökmünde ulanylypdyr.

Soçi şäheriniň ýerli häkimiýetleri şäheriň kenaryna we plýažlaryna girişiň çäklendirilýändigini habar berdiler. Ukrainanyň Russiýanyň günortasyndaky energetika desgalaryna öň amala aşyran hüjümleri nebit syzmalaryna, plýažlaryň ýapylmagyna we zäherli gara ýagyşlaryň ýagmagyna sebäp bolupdy.

Bu wakalar ABŞ-nyň uzak wagtlap dowam edýän urşy diplomatik ýol bilen çözmek boýunça gepleşikler geçirmäge bolan gyzyklanmasynyň täzeden artýan wagtyna gabat geldi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp munuň öz prezidentlik döwrüniň esasy maksatlarynyň biridigini köpden bäri aýdyp gelýän bolsa-da, Kiýewiň we Moskwanyň gepleşiklerdäki garaýyşlarynyň arasynda entegem uly tapawut saklanyp galýar.

Russiýanyň takmynan bäş ýyl mundan ozal başlan giň gerimli çozuşyndan bäri, Kreml özüniň esasy talaplary, şol sanda rus goşunlarynyň entegem basyp alyp bilmedik daýanç nokady bolan Ukrainanyň gündogaryndaky möhüm Donetsk sebitine doly gözegçilik etmek meselesi boýunça hiç hili ylalaşyga gelmäge isleg bildirmedi.

AFP, ýagny “Agence-France Presse” agentliginiň maglumatlary esasynda taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG