23-nji ýanwarda Russiýanyň Ukrainanyň ençeme şäherine, şol sanda paýtagt Kiýewe uran soňky raketa zarbalarynyň netijesinde birnäçe adam öldi we ýaralandy. Bu aralykda, Ukrainanyň tutuş sebitlerinde howa hüjümine garşy duýduryş signallary yglan edildi.
Kiýewde hüjümde azyndan bir aýal maşgala heläk boldy, şeýle-de dokuz adam, şol sanda ýetginjek bir oglan ýaralandy. Bu barada häkim Witaliý Kliçko we şäher administrasiýasynyň başlygy Roman Popko Telegram kanalynda mälim etdiler.
Kliçko paýtatgyň üç, ýagny Peçerske, Swýatoşinske we Solomýanske etraplaryna zarba urulandygyny aýtdy.
“Sekiz adam keselhana ýerleşdirildi” diýip, Kliçko ýazgy galdyrdy. “13 ýaşly bir oglana ýerinde medisina hemaýaty berildi” diýip, ol goşmaça maglumat berdi.
Ukrainanyň iň iri ikinji şäheri Harkowda Russiýanyň Kh-22 kysymly raketalary raýat maksatly desgalary urdy. Bu barada regional häkim Oleh Synýehubow Telegramda habar berdi.
“Zarbalaryň netijesinde 28 adam ýaralandy. 56 we 40 ýaşly iki aýal, gynansak-da, heläk boldy” diýip, Synýehubow belledi. Ol ýazgysyna dolulygyna weýran edilen köpgatly ýaşaýyş jaýynyň suratlaryny hem berkitdi.
“Ýaşaýyş jaýlary, bilim edarasy we başga-da diňe raýat maksatlaryna niýetlenen infastruktura weýran edildi” diýip, Synýehubow belledi we muny “Nobatdaky terror akty” diýip atlandyrdy.
Russiýanyň raketalary günortadaky Dnipropetrowsk regionunyň Pawlohrad şäherini hem nyşana aldylar. Regional häkim Serhiý Lysak Telegramda hüjümde azyndan bir adamyň ölendigini aýtdy.
Russiýa soňky hepdeler Ukrainanyň raýat nyşanalaryna zarbalaryny ýaýbaňladyp, köp sanly adam pidalaryna, şikeslere we maddy zyýana sebäp bolýar. Russiýa günortadaky Harkiw şäherini has köp nyşana alýar.
Ukrainanyň harbylarynyň maglumatyna görä, diňe 29-njy dekabr – 2-nji ýanwar aralygynda Russiýa Ukrainanyň şäherlerine Eýranda öndürilen dronlaryň we ganatly raketalaryň 500 sanysyny atypdyr.
Adaty bolmadyk ýygjamlykdaky hüjümler Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ukyplylygyna hem agram salýar. Barha azalýan ok-däriler, prezident Wolodymyr Zelenskiniň Kiýewe berilýän harby hemaýaty artdyrmak boýunça çagyryşlary etmegine getirdi.
Forum