Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukrainanyň Sumy regionyna uran zarbasynda iki adam öldi

Russiýanyň Ukrainanyň Sumy regionyna uran zarbasy. 20-nji fewral, 2024 ý.
Russiýanyň Ukrainanyň Sumy regionyna uran zarbasy. 20-nji fewral, 2024 ý.

Russiýanyň 26-njy fewralda Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Sumy regionyna uran howa zarbasy netijesinde iki adam heläk boldy. Bu barada regional we harby resmiler habar berdiler.

Ýunakiýew obasyna urlan zarbada “bir hususy ýaşaýyş jaýy weýran boldy, başga-da bäşisine zeper ýetdi. Zarbada bir jübüt heläk boldy” diýip, Sumynyň regional resmileri Telegramda mälim etdiler.

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklary 26-njy fewralda irden Russiýanyň atan 14 dronunyň dokuzsyny urup düşürdi diýip, harbylar aýtdy.

Beýanatda Russiýanyň ganatly raketalarynyň hem ýok edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG