Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça täze howa gatnawyny açar


S7 awiakompaniýasynyň uçary
S7 awiakompaniýasynyň uçary

S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça täze göni howa gatnawyny açar diýip, “Biznes Türkmenistan” awiakompaniýanyň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Uçar gatnawlary 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlanyp, her hepdäniň sişenbe gününde amala aşyrylar.

Nowosibirsk şäherindäki Tolmaçýowo howa menzilinden sagat 00:55-de uçan uçar Aşgabada ýerli wagt bilen sagat 03:00-da gonar. Bu ugur boýunça uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar. Uçuşlar “Airbus A320” kysymly howa gämileri arkaly ýerine ýetiriler.

Aşgabatdan Nowosibirsk şäherine uçýan uçar hem sişenbe günlerinde, Aşgabatdan sagat 04:30-da asmana göterilip, Nowosibirsk şäherine sagat 10:15-de gonar. Uçuşyň dowamlylygy 3 sagat 45 minut bolar.

Türkmenistandaky agyr işsizlik, hususan-da Türkiýe bilen arada Aşgabadyň talaby esasynda ýatyrylan wizasyz gatnaşyk zerarly Orsýetden gazanç gözleýän türkmenistanlylaryň sanynyň düýpli köpelendigi we Aşgabatda halkara uçar gatnawlaryna bolan talabyň has artandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG