Saida Mirziýoýewa 2019-njy ýylda Özbegistanyň hökümetinde işe başlanda, ol giň köpçülige känbir tanalmaýardy we ozal syýasy tejribesi ýokdy.
Ýedi ýyldan soň prezident Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzy ýurtdaky iň güýçli adamlaryň birine öwrüldi we kakasynyň mümkin bolan mirasdüşeri hökmünde barha köp agzalýar.
Mirziýoýewiň 14-nji awgustda gol çeken kanuny bu çaklamalara täze öwüşgin berdi. Kanun 41 ýaşly Mirziýoýewanyň ýolbaşçylyk edýän prezident diwanynyň ygtyýarlyklaryny resmi taýdan giňeltdi.
Kanuna laýyklykda, administrasiýanyň ýolbaşçysy – ýagny prezidentiň administrasiýasynyň başlygy – Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolýar. Prezidentiň ýolbaşçylyk edýän bu geňeşi ýurduň howpsuzlyk, hukuk goraýjy we harby düzümleriniň işini utgaşdyrýar. Mirziýoýewa şeýle hem geňeşiň agzalarynyň işini gurar we utgaşdyrar.
Londonda ýaşaýan Merkezi Aziýa boýunça analitik Alişer Ilhomow bu üýtgeşmäniň aýratyn ähmiýetlidigini aýtdy, sebäbi howpsuzlyk ulgamyna gözegçilik etmek prezidentiň häkimiýetiniň esasy sütünleriniň biridir.
“Ol eýýäm de-fakto prezidentden soň ýurtdaky 2-nji adamdy, ýöne onuň wezipesi kanun arkaly berk düzgünleşdirilmändi. Indi bolsa oňa häkimiýeti we howpsuzlyk edaralaryna gözegçiligi öz elinde jemlemäge mümkinçilik berýän hukuk binýady döredildi” diýip, Ilhomow aýtdy.
Täze ygtyýarlyklar Mirziýoýewanyň çalt syýasy ösüşiniň iň soňky ädimidir. Bu ösüş Mirziýoýewiň öz gyzyny prezidentlige taýýarlap biljekdigi baradaky çaklamalary birnäçe gezek güýçlendirdi.
69 ýaşly Mirziýoýew 2023-nji ýylda berk gözegçilik astynda geçirilen saýlawda sesleriň 87 göterimini alyp, üçünji möhlete prezident saýlandy. Şol ýyl ol konstitusiýa özgertmeleri geçirip, prezidentlik möhletini ýedi ýyla çenli uzaltdy we özüne 2030-njy ýylda ýene-de dalaş etmäge hukuk berdi. Şeýlelikde, ol 2037-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galyp biler.
Mirziýoýewa hökümete 2019-njy ýylyň aprelinde Maglumat we köpçülikleýin kommunikasiýalar agentliginiň başlygynyň orunbasary hökmünde goşuldy. Bu wezipe ony şol bir wagtyň özünde prezidentiň geňeşçisiniň orunbasary hem etdi.
2020-nji ýylda ol Milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini goldamak we ösdürmek jemgyýetçilik gaznasynyň gözegçilik geňeşiniň başlygynyň orunbasary boldy.
2022-nji ýylyň noýabrynda ol prezident diwanynyň Kommunikasiýalar we maglumat syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. Bu bolsa ony hökümetiň metbugat we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar strategiýasynyň merkezine çykardy.
Soňra, 2023-nji ýylyň awgustynda Mirziýoýewa prezidentiň birinji kömekçisi wezipesine bellenildi we iş ýüzünde prezident diwanynyň prezidentden soň ikinji iň ýokary wezipeli adama öwrüldi. Şol wagt garaşsyz özbek žurnalisti Jahongir Muhammad onuň ösüşini “örän çalt” diýip häsiýetlendiripdi.
“Göni manyda hiç kime tanalmaýan adam birden Özbegistanda ikinji iň ýokary wezipä eýe boldy” diýip, ol aýtdy.
Ýokary derejeli jogapkärçilikler
2025-nji ýylyň iýunynda Mirziýoýew prezident diwanynyň ýolbaşçysy wezipesini gaýtadan dikeltdi we bu wezipä öz gyzyny belledi. Şeýlelikde, onuň gyzynyň hökümetiň merkezindäki orny has-da berkleşdi.
Şondan bäri Mirziýoýewa goşmaça ýokary derejeli jogapkärçilikleri hem öz üstüne aldy. 2025-nji ýylyň noýabrynda ol täze döredilen Amerikan-Özbek Işewürlik we maýa goýum geňeşiniň özbek tarapyndan bilelikdäki başlygy wezipesine bellenildi.
Bu wezipe Mirziýoýewa Özbegistanyň ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň birini dolandyrmakda görnükli orun berdi.
Mirziýoýewanyň kakasynyň ornuna geçmek üçin taýýarlanýandygy barada resmi taýdan hiç hili maglumat ýok.
Emma onuň ygtyýarlyklarynyň giňemegi Özbegistana 1990-njy ýyldan, ýagny Sowet Soýuzy dargamazyndan öňki döwürden başlap, 2016-njy ýylda aradan çykýança prezidentlik eden Yslam Karimowyň gyzy Gülnara Karimowa bilen deňeşdirmeleri hem täzeden janlandyrdy.
Karimowa bir wagtlar kakasynyň mümkin bolan mirasdüşeri hökmünde görülýärdi. Emma soňra onuň kakasy bilen gatnaşygy bozuldy we ahyrynda ol tussag edildi.
Ýöne Karimowadan tapawutlylykda, Mirziýoýewa resmi döwlet wezipelerini yzygiderli toplap gelýär.
Giňeldilen ygtyýarlyklar
Täze kanun Mirziýoýewanyň ýolbaşçylyk edýän edarasyna hökümet edaralarynyň we döwlet institutlarynyň üstünden örän giň ygtyýarlyklary bermek bilen has-da öňe gidýär.
Prezident diwany hökümet edaralarynyň we sebit häkimiýetleriniň işine gözegçilik edip we ony utgaşdyryp, wezipeli adamlaryň işine baha berip, görkezmeler berip hem-de içerki we daşary syýasat boýunça teklipleri öňe sürüp biler. Indi administrasiýa hukuk goraýjy we howpsuzlyk düzümleriniň işini utgaşdyrmakda hem rol alýar.
Kanunyň aýratyn ünsi çeken bölekleriniň biri onuň eldegrilmesizlik baradaky giň düzgünleridir.
Prezident diwanynyň käbir ýokary wezipeli işgärleri wezipesinden gidenden soň hem ömürlik eldegrilmesizlik hukugyny saklarlar. Beýleki ýolbaşçy işgärler bolsa bu hukugy bäş ýyllap saklarlar.
Bu gorag olaryň öýlerine, ulaglaryna, hat alyşmalaryna we elektron maglumatlaryna hem degişli bolup, olara garşy jenaýat derňewlerini we beýleki prosessual çäreleri geçirmekde düýpli çäklendirmeleri döredýär.
Garaşsyz özbek neşiri Gazeta.uzyň žurnalisti Şuhrat Latipow täze kanundaky eldegrilmesizlik düzgünleriniň şeýle giň bolmagyny sorag astyna aldy. Ol Telegramda bu düzgünleriň jemgyýetçilige goşmaça düşündirilmegini talap edýän soraglary döredýändigini ýazdy.
“Dünýäniň beýleki ýurtlarynda prezident administrasiýalarynyň işgärlerine we ýolbaşçylaryna şeýle kepillikleriň berilýändigini ýa-da ýokdugyny bilemok” diýip, Latypow ýazdy.
Latypow kanunyň näderejede çalt kabul edilendigine hem ünsi çekdi. Parlamentiň aşaky palatasy ony 6-njy awgustda, Senat 7-nji awgustda tassyklady, Mirziýoýew bolsa 14-nji awgustda gol çekdi. Latypowyň bellemegine görä, şeýle ähmiýetli kanun üçin bu örän gysga möhletdir.
Ilhomowyň pikiriçe bolsa, iň möhüm üýtgeşme Mirziýoýewanyň indi howpsuzlyk düzümlerinde resmi wezipä eýe bolmagydyr.
Ol täze kanunyň Mirziýoýewa syýasy häkimiýeti saklamakda möhüm orun tutýan howpsuzlyk edaralaryna gözegçilik etmäge gatnaşmak mümkinçiligini berýändigini aýtdy.
Bu ýagdaý Mirziýoýewiň ýakyn wagtda prezidentligi gyzyna tabşyrmaga taýýarlanýandygyny ýa-da häzirki möhleti 2030-njy ýylda tamamlananda gyzyny öz mirasdüşeri hökmünde saýlajakdygyny hökmany suratda aňlatmaýar.
Ilhomowyň aýtmagyna görä, täze gurluşy has dogrusy özboluşly ätiýaçlyk ulgamy hökmünde görmek gerek. Ýagny garaşylmadyk ýagdaýlar Mirziýoýewe döwlete gözegçiligi dowam etdirmäge päsgel berse, onuň ynanýan adamy döwlete gözegçiligi saklap biler.
“Bu haýsydyr bir adatdan daşary ýagdaý sebäpli häkimiýetiň üýtgemegi mümkin bolan ýagdaý üçin edilýär” diýip, Ilhomow aýtdy.
Forum