Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanyň seýrek keýikleri nämeden öldi?

Merkezi Aziýanyň iň seýrek haýwanlarynyň biri saýgak keýikler birden köpçülikleýin ölüp başlady we hiç kim munuň sebäbini bilmedi. Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirligi ýurduň Kostanai regionynda ölen 19 müňden gowrak keýigiň ýere gömülendigini aýtdy. 20-nji maýda çap bolan resmi bolmadyk maglumatlarda, ölen haýwanlaryň sanynyň 30-müňden geçendigi habar berildi.

Saýgaklary gorap saklamak boýunça bileleşik Merkezi Aziýada bu keýikleriň umumy sanynyň 260 müň çemesidigini we olaryň 200 müň çemesi iň uly böleginiň Gazagystanyň günbatar-merkezi böleginde ýaşaýandygyny aýdýar.

30 müňden ybarat san haýwanlaryň bir görnüşiniň birden ölmegine degişli soňky döwürde peýda bolan iň uly görkeziji bolup durýar.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG