Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saklanan 11 gyrgyz žurnalistiň sekizsi deslapky tussaghana iberildi


Hukuk toparlary žurnalistleriň saklanmagyny ýazgardylar.
Hukuk toparlary žurnalistleriň saklanmagyny ýazgardylar.

12-nji martda Bişkegiň sudy “Temirov Live” derňewçi toparynyň saklanan 11 habarçysynyň sekizsini, 13-nji maýa çenli deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Olar hamala “köpçülikleýin bidüzgünçiliklere çagyrmakda” aýyplanýarlar, žurnalistler bulary ret edýärler.

Sud üç žurnilisti öý tussaglygyna ugratdy.

Žurnalistler 16-njy ýanwarda saklanypdylar.

“Temirov Live” toparynyň esaslandyryjysy, belli derňewçi žurnalist Bolat Temirow 2022-nji ýylyň noýabrynda Moskwa deportasiýa edildi. Sud onuň gyrgyz raýatlygyny bikanun ýagdaýda alandygy barada höküm çykardy, onuň özi muny ret edýär.

Hukuk toparlary žurnalistleriň saklanmagyny ýazgardylar we muny azat media edilýän hüjüm diýip atlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG