Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saklanan gazak aktiwisti bikanun neşe söwdasynda aýyplandy


Astanada Aýdar Syzdykow Spetsnaz ofiserleri tarapyndan öýünden äkidilýär. 16-njy maý
Astanada Aýdar Syzdykow Spetsnaz ofiserleri tarapyndan öýünden äkidilýär. 16-njy maý

Gazagystanda geçen hepde saklanan oppozision aktiwist Aýdar Syzdykow “bikanun neşe serişdelerini” satmakda aýyplandy. Bu barada 23-nji maýda onuň aklawçysy mälim etdi.

Meýiržan Doskaraýew aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny hem nygtady. Aklawçynyň sözlerine görä, onuň müşderisine garşy gozgalan jenaýat işi bir şahsyň, hamala, Syzdykowdan neşe serişdelerini satyn alany üçin, onuň bank kartyna pul geçirendigi baradaky öňe sürmesine esaslanýar.

Doskaýew 2021-nji ýylda Astananyň sudy Syzdykowy şertli ýagdaýda üç ýyl tussaglyga höküm edeninden soňra, öz müşderisiniň ähli töleg kartlarynyň petiklenendigini belledi. Syzdykow şol pursat gadagan edilen “Gazagystanyň Demokratik Saýlawy” oppozision topary bilen ilteşikli bolmakda günäli tapylypdy.

XS
SM
MD
LG