10-njy fewrala we ondan ozalky wagta degişli sputnik suratlary Russiýanyň köp sanly harby tehnikany, şol sanda, habar berilmegine görä, ballistik-raketa ulgamlaryny toplaýandygyny görkezýär. Bu çäreleriň bir bölegi Belarusda, ýurduň Ukraina bilen serhediniň golaýynda geçirilýär.
Täze suratlar Russiýanyň Ukrainanyň töwereginde harby tehnikalary ýygnaýandygyny görkezýär

5
9-njy fewralda Reçytsa şäheriniň golaýyndaky harby toplanmanyň ýerleşýän ýerine ýokardan edilen syn. Reçytsa Belarusyň günorta-gündogaryndaky Homel sebitinde, Ukraina bilen serhedinden 55 km uzaklykda ýerleşýär.

6
9-njy ýanwarda sowutly ulaglar we daşaýjylar Russiýanyň Kursk türgenleşik meýdançasyna gelýär. Bu meýdança Ukrainanyň gündogaryndan 100 km uzaklykda ýerleşýär.

7
9-njy fewralda Kursk türgenleşik zolagynda köp sanly söweş toparynyň we goşunyň ýerleşýän ýerleri görünýär.

8
Belarusyň Luninets howa meýdançasynda alty sany SU-25 uçaryny görse bolýar. Surat 4-nji fewralda düşürildi. Luninetler Ukrainanyň serhedinden takmynan 50 km uzaklykda, günorta-günbatar Brest sebitinde ýerleşýär.