Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanyň şazadasy: Eýran ýadro ýaragyny edinse, bizem edinmeli bolarys


Mohammed bin Salman
Mohammed bin Salman

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman ABŞ telewideniýesine beren interwýusynda öz ýurdunyň Ysraýyl bilen aradaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin yzygiderli tagalla edýändigini aýtdy we eger-de Eýran ýadro ýaragyny edinse, "bizem ondan edinmeli bolarys" diýip, duýduryş berdi.

Tähran ýadro ýadro ýaragyny edinjek bolýandygyny ret etdi.

Eger Eýran ýadro ýaragyny edinse, näme bolar diýip soralanda, täç geýdirilen şazada: "Eger olar edinseler, bizem ony edinmeli bolarys" diýdi.

XS
SM
MD
LG