Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlama Adalat? Merkezi Aziýada uly ogurlyklarda güman edilenler nädip azatlyga çykýar

Gyrgyz parlamentiniň öňki deputaty we Bişkek şäher häkimliginiň ýer komissiýasynyň öňki agzasy Kuwanyçbek Kongantiýewe, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin, jerime salyndy.
Gyrgyz parlamentiniň öňki deputaty we Bişkek şäher häkimliginiň ýer komissiýasynyň öňki agzasy Kuwanyçbek Kongantiýewe, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin, jerime salyndy.

Merkezi Aziýada korrupsiýada aýyplanýan täsirli resmiler we tanymal işewürler köplenç aktiwlerini döwlete tabşyranyndan, jerime töläninden we ýetirilen zyýanyň öwezini dolup, uzak möhletli türme tussaglygyndan gutulýarlar. Bu tejribe kanunyň öňünde deňlik prinsipine nähili derejede laýyk gelýär we meseläni pul bilen çözmek mümkinçiligi serişdeleri bolanlar üçin artykmaçlyga öwrülmeýärmi?

Uzak möhletleriň ýerine "Kusturizasiýa"

Soňky ýyllarda Gyrgyzystanda şeýle bir tejribe giňden ulanylýar: ýokary derejeli korrupsiýa işleri boýunça şübhelenilýänler we aýyplanýanlar günälerini boýun alyp, býujete pul tölänlerinden ýa-da emläklerini döwlet hasabyna geçirenlerinden soň tussaglykdan boşadylýarlar.

Il arasyndaky gürrüňçiliklerde bu proses gyrgyz dilindäki "kusturuu" (türkmençe gusdurmak) sözünden gelip çykan "kusturizasiýa" adalgasy bilen atlandyrylýar (sözme-söz "gusmak", göçme manyda "birlerini jübülerini boşatmaga mejbur etmek").

Häkimiýetler bu hili kararlary ogurlanan serişdeleri we emlägi döwlete gaýtaryp bermegiň zerurlygy bilen düşündirýärler. Tankytçylar zyýanyň öwezini dolmagyň hakykatda kanuny jezadan gaçmagyň bir usulyna öwrülýändigini aýdyp, ony sorag astyna alýarlar.

Bu meselede ýakynda ýüze çykan işleriň biri parlamentiň öňki agzasy Kuwanyçbek Kongantiýew bilen bagly boldy. Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň maglumatyna görä, ol bildirilen aýyplamalary boýun alyp, günä meselesinde derňewçiler bilen ylalaşyk baglaşdy we takmynan 15 million dollarlyk serişdesini, 6500 inedördül metr meýdany bolan ýaşaýyş we söwda emlägini meýletin döwlet haýryna geçirdi.

Derňew maglumatlaryna görä, Kongantiýew Bişkek, şäher häkimliginiň ýer hukuklaryny bermek boýunça komissiýasynyň agzasy hökmünde, öz wezipesinden şahsy bähbitleri üçin, hyýanatçylykly peýdalanypdyr. Howpsuzlyk gullugy onuň şäher merkezindäki ýer böleklerini garyndaşlaryna wagtlaýynça ulanmak bermek üçin şert döredendigini öňe sürdi.

Bişkek kazyýeti 15-nji iýulda Kongantiýewi wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy we oňa 500,000 som — takmynan 5,700 dollar möçberinde jerime saldy. Kazyýet karary 6-njy awgustda yglan edildi.

Kongantiýew 2026-njy ýylyň martynda, Milli Howpsuzlyk döwlet komitetiniň (GKNB) öňki başlygy Kamçybek Taşiýew öz wezipesinden çekileninden soň, tussag edildi. Ol ilki GKNB-niň deslapky tussaghanasynda saklandy, 15-nji iýunda bolsa öý tussaglygyna geçirildi. Saýlawlar we Referendumlar boýunça Merkezi Komissiýa, garşysyna jenaýat işi açylan güni ony, öz haýyşy boýunça diýip, deputatlyk mandatyndan mahrum etdi.

Kongantiýew 45 ýaşynda. Ol 2025-nji ýylyň noýabr aýynda, Bişkekdäki 21-nji bir mandatly saýlaw okrugyndan parlamente saýlandy. Deputat bolmazyndan öň ol birnäçe möhlet Bişkek şäher geňeşiniň agzasy bolup işledi. Ol Gyrgyzystanyň öňki baş prokurory Kambaraly Kongantiýewiň ogly we öňki içeri işler ministri Moldomusa Kongantiýewiň ýegeni bolup durýar.

Ýurduň korrupsiýa derňewleriniň iň görnükli şahslarynyň biri bolan Raimbek Matraimowyň işi hem ýurtda iň agza düşen mysallaryň biri bolup durýar. Döwlet Gümrük Gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raimbek Matraimow 2024-nji ýylyň noýabr aýynda, ýurtdan çaykmajagyna dilhaty bereninden soň, kazyýet tarapyndan tussaglykdan boşadyldy. Şol wagta çenli ol Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetiniň deslapky tussaghanasynda birnäçe aýlap oturypdy.

Raimbek Matraimow
Raimbek Matraimow

Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň şol wagtky başlygy Kamçybek Taşýew Matraimowyň döwlete 200 million dollar töländigini, şol pullaryň bir böleginiň emläk hasabyna gaýtarylýandygyny aýtdy.

Taşýewiň sözlerine görä, Matraimow ozal býujete 2,5 milliard som geçiripdi we tölenen umumy kompensasiýanyň möçberi takmynan 19,5 milliard soma ýetdi. Taşýew onuň tussagdan boşadylmagyny Matraimowyň ýetirilen zyýany töläninden soň saklanmagynyň, öz pikiriçe, "döwlete-de, aýyplanýanyň özüne-de" hiç hili peýdasy ýokdugy bilen düşündirdi.

Matraimow şol wagt döwlet serhedinden bikanun geçmekde, bozgakçylykda we pul ýuwmakda aýyplanýardy. Taşiýew bu işiň kazyýetde tamamlanmalydygyny, oňa ýa aýyplamalar boýunça höküm çykarylmalydygyny, ýa-da jerime salynmalydygyny aýtdy.

Matraimow köp ýyllaryň dowamynda korrupsiýa derňewleriniň merkezinde boldy. Azattyk we beýleki köpçülikleýin habar serişdeleri onuň gümrük ulgamyndaky korrupsiýa shemalaryna gatnaşygy boýunça derňew netijelerini çap etdiler.

Başga bir uly waka Tokmak şäheriniň häkimi Urmatbek Samaýew bilen baglanyşykly boldy. Ol korrupsiýada güman edilip saklandy we, bir ýarym hepdeden soň, derrew öý tussaglygyna geçirildi. Ýerli metbugat, hukuk goraýjy edaralardaky çeşmelere salgylanyp, Samaýewiň günäsini boýun alandygyny, 25 million som töländigini we öz islegi bilen wezipesinden çekilendigini habar berdi.

Şu hili ýagdaýlaryň fonunda Gyrgyzystanda "kusturizasiýa" baradaky çekişmeler güýçlendi.

Onuň tarapdarlary döwletiň, ilkinji nobatda, ogurlanan pullary we emlägi gaýtaryp almalydygyna we uzaga çekýän kazyýet seljermeleriniň muňa hemişe mümkinçilik bermeýändigine ynanýarlar.

Jemgyýetçilik işgäri Murat Jetmişbaýew bu çemeleşmäni goldady. Ol Gyrgyzystanyň 30 ýyl bäri korrupsiýa batgalygynda bolandygyny we zyýanyň öwezini dolup, gümän edilýänleriň boşadylmagyny zerur geçiş çäresi hasaplaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol doly derejeli kazyýet işleriniň iki-üç ýyl dowam edip biljekdigini belledi.

"Kusturizasiýanyň" garşydaşlary başga bir meselä - prosesiň özüniň we döwlete gaýtarylan serişdeleriň harçlanmagynyň açyk-aýdyňlygy meselesine ünsi çekýärler. Mundan başga, korrupsiýa işleri boýunça aýyplanýan täsirli adamlaryň uly möçberde pul tölänlerinden soň tussaglykdan boşadylmagyna rugsat bermek tejribesi jezanyň deňeçerligi we raýatlaryň kanun öňündäki deňligi meselesinde sorag döredýär.

Gyrgyzystanly syýasy analitik Musurkul Kabylbekow bu hili ýagdaýlaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynda seýrek duşýan zat däldigini aýdýar.

"Bu ýerdäki medalyň beýleki tarapy hem bar — ol hukuk goraýjy edaralardaky korrupsiýa. Bu iki hadysa biri-birini deňagramlaşdyrýar. Düşündireýin. Biziň ýurtlarymyzda iş ýüzünde hiç kim hukuk goraýjy we howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň eden-etdilikli hereketlerinden goragly däl. Olaryň penjesine düşen islendik adam özüniň bigünädigini hiç wagt subut edip bilmez we türme oturmaly bolar."

Uly we kiçi kärhanalar institutsional goragdan mahrum, jemgyýetçilik bolsa, resminiň ýa-da işewüriň kanuny bozandygy üçin tussag edilendigine höwes bilen ynanýar we hatda bu ýagdaýy goldaýar. Azatlykda galmagyň ýeke-täk ýoly ‘gara başyňy satyn almak’, ýagny töleg tölemekdir. Şu manyda bu mehanizmiň oňyn taraplary hem ýok däl. Hawa, hakyky korrumpirlenen resmiler bar, ýöne olaryň ogurlandygy barada aýdylýan sanlary köplenç hakyky ýagdaýa gabat gelmeýär.

"Men Gyrgyzystanda täsirli toparlaryň bähbitlerine päsgel berendigi üçin töhmet atylan we jogapkärçilige çekilen birnäçe ýokary derejeli resmini ýakyndan tanaýaryn. Men beýleki Merkezi Aziýa döwletleri barada gürrüň etjek däl, ýöne Gyrgyzystanda korrupsiýa garşy göreş köplenç ýokarda agzalan edaralaryň eden-etdiliklerini, ýa-da bäsdeşler ýa-da syýasy garşydaşlar bilen hasaplaşmak ýagdaýlaryny öz içine alýar" diýip, bilermen pikir edýär.

Kabylbekow sebitde korrupsiýa garşy göreş çäreleriniň jemgyýetçilikde esasly güman, ynamsyzlyk döredýändigine ynanýar. "Muny [ynamsyzlygy] diňe tertip-düzgüni we kanunyň hökmürowanlygyny ilkinji nobatda korrupsiýa garşy göreşýänleriň — hukuk goraýjy edaralaryň we kazyýetleriň arasynda berk ornaşdyrmak arkaly ýeňip geçip bolar. Ikinjiden, ynamy güýçli döwlet institutlaryna mätäç boljak we olary talap etjek hakyky orta synpy döretmek arkaly gazanyp bolar. Bu bolsa diňe syýasy ulgamlaryň hakyky liberallaşdyrylmagy bilen mümkin" diýip, bilermen aýtdy.

Zyýanyň öwezini dolmak türmeden gutulmaga esas bolýar

Täjigistanda hem şeýle mümkinçilik bar. Ýokary derejeli korrupsiýa işlerinde döwlete pul we emläk gaýtaryp bermek aýyplanýanlary uzak möhletli tussaglykdan boşatmak ýa-da olaryň jezalaryny ýeňilleşdirmek üçin esas bolup hyzmat edip biler, bu jenaýat kanunçylygynda hem göz öňünde tutulýar.

Kanunlar, döwlete ýetirilen zyýanyň doly öwezini dolmak bilen, ykdysady jenaýatlaryň bir topary üçin berilýän türme tussaglygyndan boşatmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu düzgün diňe korrupsiýa işlerine degişli däl, ýöne döwlet serişdelerini ogurlamak bilen baglanyşykly işlerde ýygy-ýygydan ulanylýan maddalara degişli bolup bilýär.

Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň 49-njy maddasynda (“Jeerime”) eger-de gänäli höküm çykarylmazdan öň ýetirilen maddy zyýany doly ödese, öwezini doldursa, oňa jerime ýa-da türme tussaglygyny öz içine almaýan başga bir jeza berler diýilýär.

Bu düzgün, kanunda başgaça göz öňünde tutulan ýagdaýlar bolmasa, 245-nji maddanyň "Mülküň bikanun ulanylmagy ýa-da özleşdirilmegi" aýyplamasy bilen günä bildirilenlere hem degişli bolup biler. Eger ýetirilen zyýanyň öwezi höküm çykarylandan soň doly dolunsa, ýagny tölense, berlen jeza jerime bilen hem çalşyrylyp bilner.

Bu kadanyň durmuşa geçirilişiniň iň soňky giňden belli bolan mysallarynyň biri Duşenbe aeroportunyň öňki baş direktory Ismatullo Abdullozodanyň işi bolup durýar.

Abdullozoda aeroporta 2016-njy ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi. Ol 2025-nji ýylyň maý aýynda, maliýe barlagyndan soň tussag edildi. Derňewçiler aeroportyň ýolbaşçylarynyň, haryt we material satyn almak bahanasy bilen, "galp" kompaniýalar arkaly serişde özleşdirendigini öňe sürdüler. Abdullozoda bir özi 961 million somoni, takmynan 108 million dollar ogurlamakda aýyplandy.

Ismatullo Abdullozoda
Ismatullo Abdullozoda

Bildirilen ogurlyk aýyplamasynyň möçberiniň şeýle uly bolmagyna garamazdan, iş azatlykdan mahrum etmesiz jeza bilen tamamlandy.

Kazyýet 2026-njy ýylyň 13-nji iýulynda Abdullozoda garşy karar çykardy. Täjigistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Rustam Mirzozoda 21-nji iýulda žurnalistlere öňki aeroport direktorynyň ýetirilen zyýanyň öwezini doly dolup, 165,000 somoni (takmynan 18,000 dollar) möçberinde jerime töländigini aýtdy. Şondan soň Abdullozoda tussaglykdan boşadyldy. Oňa dört ýyllap ýolbaşçylyk wezipelerinde işlemek gadagan edildi.

Onuň tabynlygynda işlän bäş işgär — Asliddin Malikzoda, Muhriddin Döwletow, Tagoimurod Juraýew, Parwiz Ismatullozoda we Mukima Holow — ozal gürrüň edilen iş boýunça jogapkärçilige çekilipdi.

Duşenbe şäher kazyýeti olara 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda höküm çykardy. Kazy olary aýratyn uly möçberde pul ogurlamakda we bikanun ulanmakda, şeýle hem beýleki jenaýatlarda günäli tapdy. Olar hem, Abdullozodanyň edişi ýaly, jerime tölediler. Jerimeler töleninden soň, bäşisi hem boşadyldy.

Şonda kazyýet Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýyplanýanlaryň döwlete ýetiren zyýanlarynyň öwezini doly dolandyklaryny we çykarylan hökümden şikaýat etmändiklerini aýtdy. Malikzodadan başga, aýyplanýanlaryň dördüsine üç ýyllap islendik wezipäni eýelemek gadagan edildi.

Aeroportyň öňki ýokary derejeli ýolbaşçylaryna garşy gozgalan iş, bildirilren ogurlyk aýyplamasyndaky möçber sebäpli, köp adamyň ünsüni özüne çekdi. Derňewçileriň maglumatlaryna görä, çak edilýän ogurlyk 1,2 milliard somoniden (takmynan 130 million dollar) gowrak serişdeden ybarat boldy. Şol bir wagtda, ahyrky höküm türme tussaglygyny öz içine almady; aýyplanýanlar zyýanyň öwezini dolup, jerime tölänlerinden soň, türmä basylman, azatlykda galdylar.

Şeýlelikde kanunçylyk, aýry-aýry işlerdäki tejribeden görnüşi ýaly, zyýanyň öwezini dolmagyň jenaýat jogapkärçiliginiň netijelerini düýpli üýtgedýän ýagdaýyna, hatda türme tussaglygyny türme tussaglygy bilen baglanyşykly bolmadyk jeza bilen çalşyrmaga mümkinçilik berýär.

"Käbirleri: 'Görýäňizmi, korrupsiýa arkaly gazanylan aktiwler hakykatdanam döwlete we jemgyýete gaýtarylyp berilýär. Bu, iň bolmanda, korrupsiýa baş goşan resmileriň doly jezasyz galanyndan has gowy' diýip pikir edip biler" diýip, Londonda ýerleşýän "Central Asia Due Diligence" analitiki guramasynyň direktory Alişer Ilhamow aýdýar.

Alişer Ilhamow
Alişer Ilhamow


“Emma kanun öňünde hemmeleriň deň bolmagyny nazarda tutýan kanun hökmürowanlygy nukdaýnazaryndan, bu, elbetde, kabul ederliksiz, sebäbi ol goşa standart ýagdaýyny döredýär we şonuň bilen bir hatarda adalatlylyk ýörelgelerini bozýar - käbirleri üçin kanun bozmakdaky jogapkärçilik ýa çekilmeli jeza has ýeňil, beýlekiler, adatça, adaty raýatlar, kanuny şol bir görnüşde bozan halatynda hem doly jogapkärçilik çekmeli.”

Bilermeniň sözlerine görä, korrupsiýa jenaýatlarynda tutulan, şol bir wagtda-da wepaly hasaplanylýan resmilere we işewürler babatynda ulanylýan ýumşaklyk awtoritar režimiň tebigaty bilen baglanyşykly.

"Bir tarapdan, ol hökümetiň korrupsiýa garşy göreşýändigini görkezýär, ýöne beýleki tarapdan, ol, hususan-da hökümet diwanynyň we täsirli, baý adamlaryň arasynda öz wepalylyk bazasyny saklamaga we hatda ony yzygiderli giňeltmäge çalyşýar. Bu, öz gezeginde, awtoritar lideriň häkimiýete bolan gözegçiligini üpjün edýär."

“Bu wepalylygy üpjün etmek üçin lider öz ygrarlylyk bazasynyň agzalarynyň korrumpirlenen işlerine göz ýummaly ýa-da, iň bolmanda, goldawlaryny ýitirmezlik üçin, korrumpsiýa sebäpli adalatly we kanunda bellenen jezalar bilen jezalandyryp, olaryň göwnüne gaty degmekden saklanamaly” diýip, Ilhamow nygtaýar.

"Onda diýmek, azatlygy satyn almak mümkin-dä?" Pul we gatnaşyklar jezany ýumşadan halatynda

Gazagystanda hem ýokary derejeli resmiler ýa-da täsirli işewür toparlar bilen baglanyşykly şahslaryň günäsini boýun alyp, kompensasiýa töläp we emläklerini döwlet haýryna geçirenlerinden soň uzak möhletli türme tussaglygyndan gutulan ýagdaýlary, ýa-da türmä asla basylman galan şahslar bilen baglanyşykly birnäçe galmagally iş bar.

Iň belli mysallaryň biri öňki prezident Nursultan Nazarbaýewiň maşgalasy bilen baglanyşykly işewür Kaýrat Boranbaýewe degişli. Öňki döwlet baştutanynyň uly gyzynyň öňki gaýny, Nazarbaýewiň we onuň maşgalasynyň pozisiýasyny gowşadan Ganly ýanwar protestlerinden soň, jenaýat jogapkärçiligine çekildi.

Kaýrat Boranbaýew
Kaýrat Boranbaýew

Kazyýet ony 2023-nji ýylyň martynda aýratyn uly möçberde pul ogurlygynda we pul ýuwmakda günäli tapyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Şikýat kazyýeti sentýabr aýynda bu jezany alty ýyl türme tussaglygyna çenli azaltdy we onuň emlägini konfiskasiýa etmegi buýurdy.

Emma muňa garamazdan, kazyýet şol ýylyň oktýabr aýynda onuň jezasynyň çekilmedik bölegini çäklendirilen azatlyk jezasy bilen çalşyrdy. Boranbaýew şol wagta çenli jezasynyň üçden bir bölegini çekdi, ýagny iki ýyl dört aý we bäş gün, şol sanda deslapky tussaghanada oturan günleri jeza çekdi. Häkimiýetler kazyýetiň döwlete tölenen kompensasiýany, onuň derňew bilen eden hyzmatdaşlygyny, eden jenaýatyna ökünýändigini we oňyn häsiýetnamsyny hasaba alandygyny habar berdiler. Ol 2023-nji ýylyň noýabr aýynda türmeden boşadyldy.

Mundan öň hökümet edaralary Boranbaýewiň esasy aktiwlerini döwlete geçirendigini habar berdiler. Olaryň arasynda Astanadaky myhmanhana toplumy, fitnes merkezleriniň ulgamy, nebit kompaniýasy we nebit käni hem bar.

Nazarbaýewiň ýegeni Kaýrat Satybaldynyň işinde has uly möçberdäki puluň bardygy belli boldy. Satybaldy hem ýanwar wakalaryndan soň derňelen emeldarlaryň biri boldy. Ol 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda, uly ogurlykda günäli tapylyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Kazyýet onuň jezasynyň galan bölegini 2024-nji ýylyň awgust aýynda üç ýyl, üç aý we ýedi gün şertli azatlyk gözegçiligi, çäklendirilen azatlyk bilen çalşyrdy.

Kazyýet Satybaldynyň jezasynyň zerur bölegini çekendigini, jenaýat sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini doly dolup, kazyýetiň kesgitlän serişdelerini töländigini aýtdy.

Kaýrat Satybaldy
Kaýrat Satybaldy

Korrupsiýa garşy göreş gullugy 2022-nji ýyldan bäri Satybaldynyň we onuň iş şärikleriniň döwlete 732,8 milliard teňňe ýa-da takmynan 1,6 milliard dollar möçberindäki aktiwleri we serişdeleri gaýtaryp berendigini mälim etdi. Bu aktiwleriň sanawyna "Kazakhtelekom" kompaniýasyndaky paýnamalar, gozgalmaýan emläk, awtoulaglar, şaý-sepler, korporatiw aktiwler we daşary ýurtlardan getirilen serişdeler girdi.

Şeýle-de, Satybaldy prezident Kasym-Žomart Tokaýewden açyk ýagdaýda ötünç sorady. Çap edilen wideoda ol bikanun aktiwleriň döwlete gaýtarylyp berlendigini aýtdy.

Has öň, 2017-nji ýylda, "Horgos" halkara serhetýaka hyzmatdaşlyk merkeziniň öňki prezidenti Wasiliý Niniň işi hem jemgyýetçilikde giň gerimli seslenme döretdi. Metbugat habarlaryna görä, Ni Nazarbaýewiň diwanynyň başlygy bolup işlän we gazak syýasatynyň çal çardinaly ýa dellaly hasaplanan merhum Wladimir Ni bilen garyndaş bolupdyr.

Iş resminamalaryna görä, Ni hususy kompaniýanyň wekilinden bir million dollar alyp duran wagtynda tussag edilipdir. Derňewçiler onuň bu pula derek kompaniýanyň Gazak-Hytaý serhedinde myhmanhana toplumyny gurmagyna rugsat bermekçi bolandygyny çaklaýarlar. Aýyplamalaryň agyr bolmagyna garamazdan, Almaty kazyýeti onuň ozal jenaýat jogapkärçilgine çekilmändigini, oňyn häsiýetnamasyny we günäsini boýun alandygyny aýdyp, ony jenaýat jogapkärçiliginden boşadypdyr.

“Bikanun alnan aktiwleriň döwlete gaýtarylyp berilmegi öz-özlüginde dogry we zerur çäre” diýip, hökümetden aýry korrupsiýany öwrenýän we seljermeleri çap edýän, korrupsiýa garşy göreşýän guramanyň, “Transparency Internationalyň” resmi milli bölüminiň, “Transparency International Kazakhstan” guramasynyň geňeş başlygy Aida Alžanowa “Azattyk Aziýa” agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Aida Alžanowa
Aida Alžanowa


Alžanowanyň sözlerine görä, aktiwleriň gaýtarylmagy Gazagystanyň 2008-nji ýylda tassyklan resminamasynda, BMG-niň Korrupsiýa garşy Konwensiýasy hem göz öňünde tutulýar.

"Emma puluň gaýtarylmagy adalatyň dabralanandygyny görkezmeli däl. Gazagystanyň esasy meselesi başga ýerde – jemgyýeçilik jezalaryň ýumşadylmagy baradaky kakarlaryň nähili kabul edilýändigini, uly korrupsiýa işlerinde aýyplanýanlaryň öňünde nähili şertleriň goýulýandygyny we näme üçin bir ýagdaýda kimdir biriniň türme tussaglygyna höküm edilýändigini, başga bir ýagdaýda bolsa, aktiwler gaýtarylyp alnandan soň, günäli tapylana näme üçin has ýeňil jeza berilýändigini asla anyklap bilmeýär."

“Bu, gözegçilik we deňagramlylyk ulgamynyň gowşaklygy sebäpli has-da howply. Kazyýet ulgamy garaşly bolmagynda galýar we uly korrupsiýa derňewlerine edilýän parlament gözegçiligi örän çäkli. Parlamentde ýokary derejeli resmileriň we täsirli toparlaryň gatnaşan korrupsiýa işleriniň jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün edýän we doly işleýän garaşsyz derňew mehanizmi hiç haçan bolmandy" diýip, ol aýtdy.

Alžanowa aktiwleri yzyna gaýtarmak boýunça ýanwar wakalaryndan soň döredilen komissiýanyň agzalygyna diňe ýerine ýetiriji häkimiýetiň resmileriniň girizilendigini belleýär.

"Bähbitleriň görnetin gapma-garşylygy döreýär: bu proses öňki režim döwründe, ägirt uly serişdeleriň daşary ýurtlara çykarylan wagtynda döwlet gullugynda işlän şahslaryň gözegçiliginde galýar. Indi olar ýapyk gapylaryň arkasynda, öz özleri bilen ogurlanan puluň yzyna gaýtarylmagy barada gepleşik geçirýärler" diýip, ol aýdýar.

Korrupsiýa garşy göreş boýunça garaşsyz agentligiň 2025-nji ýylda ýatyrylmagy we onuň wezipeleriniň uly böleginiň iň gizlin hökümet edaralarynyň birine, Milli Howpsuzlyk Komitetine (KNB) geçirilmegi hem goşmaça soraglary döredýär diýip, “Transparency Kazakhstan” guramasynyň wekili aýdýar.

"Netijede, korrupsiýa boýunça derňewlere edilýän jemgyýetçilik gözegçiligi has-da kynlaşdy. Şonuň üçin mesele diňe serişdeleriň yzyna gaýtarylmagynda däl. Mesele jemgyýetçiligiň emlägiň bölekleýin gaýtarylmagynyň näme üçin jezanyň ýeňilleşdirilmegine getirýändigine, kararlaryň haýsy düzgünler esaynda Kabul edilýändigne düşünmeýän halatlarynda ýüze çykýar. Eger bu düzgünler aýdyň bolmasa, garaşsyz kazyýet ýa-da netijeli parlament gözegçiligi bolmasa, saýlama adalat baradaky şübheler hökman döräp biler. Raýatlarda howatyrly bir duýgy döreýär: kanun ýönekeý adamlar üçin bar, täsirli adamlar bolsa gepleşik geçirmek, ogurlanan puluň bir bölegini gaýtaryp bermek we doly jogapkärçilik çekmekden gutujlmak mümkinçiligine eýe."

"Bu eýýäm diňe korrupsiýa meselesi däl. Bu hemmeleriň kanunyň öňünde deň bolmagy baradaky mesele" diýip, Alžanowa aýtdy.

Bilermeniň pikirine görä, eger-de ýönekeý bir adam degişlilikde kiçiräk bir jenaýat üçin türme tussaglygyna höküm edilip, milliardlarça dollarlyk ogurlyk işine gatnaşan adam has ýeňil jeza alsa, raýatyň kanunyň öňünde hemmeleriň deňdigine ynanmagy kyn bolýar.

"Bu ýagdaýda jemgyýetde ýönekeý bir sorag döreýär: görnüşinden, azatlygy satyn alyp bolýar we bu işi öň bikanun alnan puluň hasabyna edip bolýar? Bu örän howply yşarat. Korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşi diňe döwlete, yzyna gaýtarylan milliardlar bilen ölçäp bolmaýar. Elbetde, pul gaýtarylmaly. Emma şol bir wagtda hemmeler üçin aýdyň, deňeçer we barabar jogapkärçilik bolmaly. Bolmasa, iki gatly adalat ulgamy döredilýär: biri ýönekeý raýatlar üçin, beýlekisi baý we täsirli adamlar üçin" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Alžanowanyň bellemegine görä, netijeler şahsy korrupsiýa işleriniň çäginden has aňryk çykýar. Hukuk nihilizmi ýüze çykýar: eger adamlar kanunyň saýlama ýagdaýda, parhly ulanylýandygyny görseler, olaryň özlerinde hem kanuna hormat goýmak duýgusy azalyp başlaýar. Munuň ýaş nesle edýän yşaraty has howply: üstünlik gazanmak dogruçyllyk we düzgünlere eýermek bilen däl-de, gatnaşyklar, pul we gepleşik geçirmek ukyby bilen bagly bir zat hökmünde garalyp başlanýar.

Maýa goýum özüne çekijiliginiň ýitirilmegi görnüşinde ýüze çykýan ykdysady netijeler hem bar (2025-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystanda daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň arassa akyşy 0,9 milliard dollar boldy). Maýadarlar üçin diňe salgyt ýeňillikleriniň ýa-da tebigy baýlyklaryň sany däl, eýsem düzgünleriň hemmeler üçin birmeňzeş bolmagy, emlägiň goralmagy we jedelleriň ylalaşyklar arkaly däl-de, garaşsyz kazyýetler tarapyndan çözülmegi, muňa bolan ynam hem möhüm bolup durýar.

"Şu ýagdaýyň fonunda, "Transparency International" guramasynyň 2025-nji ýyl üçin Korrupsiýany Duýmak Indeksiniň netijeleri aýdyň görünýär: Gazagystan, geçen ýyl alan 40 baly bilen deňeşdirilende, 100 baldan 38 bal alyp, 96-njy orny eýeledi. Biz görkezijiniň 2026-njy ýylda has-da pese gaçmagyna garaşýarys. Bu çynlakaý yşarat. Aktiwleriň gaýtarylyp alynmagy öz-özlüginde korrupsiýa garşy göreş syýasatyna bolan ynamy dikeltmek ukybyna eýe däl. Döwlete milliardlarça pul yzyna gaýtarylyp berlip bilner. Emma jemgyýet hemmeler üçin adalatly we deň kanunçylygy görmese, ýitirilen ýa gowşan ynamy dikeltmek has kyn" diýip, Alžanowa sözüni jemledi.

Azattyk Aziýa

Azattyk Aziýa (Azattyq Aziýa) Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) rus dilindäki Merkezi Aziýa gullugy bolup durýar.

Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG